Ykdysady ösüşlere tarap
11-11-21
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn işler oňyn netijelerini berýär. Şeýle başlangyçlaryň hatarynda durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ösüşiň täze tapgyryny üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklamagy ata Watanymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy, okuw, töleg hem-de hyzmatlar ulgamynda ýeňillikleriň döredilmegi üçin örän amatly şertleri döretdi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» üç tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edaranyň kesgitlenilmegini, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň we ony amala aşyrmagyň çäreleriniň meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyny öz içine alýan birinji tapgyr 2019-njy ýyl üçin meýilleşdirilendir. 2020 — 2023-nji ýyllary öz içine alýan ikinji tapgyrda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde bellenilýär. Üçünji tapgyr 2024 — 2025-nji ýyllara niýetlenilip, bu tapgyrynda ýurdmyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň we usullarynyň kämilleşdirilmegini we ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek hem-de Konsepsiýada bellenen wezipeleriň we çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýär.
Sanly ykdysadyýete geçilmegi milli ykdysadyýetimiziň düzüm birlikleriniň kadaly we netijeli işlemegini, durnukly ösüşi üpjün edýär. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde oýlanyşykly döwlet syýasatyny alyp barýan, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagy ugrunda alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslenip, dowamat dowam bolsun!
Begli GULBERDIÝEW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.