Berkararlygyň we bagtyýarlygyň senasy
11-11-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň, özgerişleriň, agzybirligiň, asudalygyň, toýdur baýramlaryň mekanyna öwrülen Türkmenistan döwletimiz özüniň barha belende galýan halkara abraýy bilen bütin dünýäde tanalýar. Türkmenistan beýleki döwletler bilen dostluk, birek-birege hormat goýmak, ýardam bermek esasynda özara gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar.
Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty, halkara kadalaryna laýyklykda, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň şertlendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly mümkinçilikleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy özüniň oňyn netijelerini berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan saýlap alan ýörelgelerine eýermek bilen ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edip, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge örän işjeň gatnaşýar. Parahatçylygy üpjün edijilik syýasatyny geçirmek üçin syýasy-diplomatik we ykdysady-durmuş çäreleriň ähli gurallaryny peýdalanmak bilen ýurdumyz soňky ýyllarda Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde özara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna gatnaşyklary düzgünleşdirmek boýunça netijeli başlangyçlary öňe sürüp, sebitde syýasy we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmakda ägirt uly orny eýeledi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistanyň sebit we dünýä syýasatynyň möhüm meselelerini çözmekde toplan syýasy tejribesi sebitde durnuklylygy saklamaga hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi şatlygymyza şatlyk goşdy. Bu çözgüdiň hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň, onuň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşan uly goşandynyň ählumumy ykrar edilendiginiň ýene-de bir anyk subutnamasydyr.
Meýlis NURYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.