HYZMATLARYŇ HILi ÝOKARLANÝAR

11-11-21

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy kemala getirilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täze röwüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzda ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna yzygiderli üns berilýär. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ösdürilmegi milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hem girewidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ulaglar ulgamynyň ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumy kesgitlenen. Olaryň hatarynda: ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, ulag hyzmatlarynyň eksportyny artdyrmak, esasan, ýurduň ýükleri üstaşyr mümkinçiligini durmuşa geçirmek, ulaglar ulgamynda halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga niýetlenen iri halkara, sebitleýin taslamalar babatynda, ilki bilen, çykyş etmek hem-de olary durmuşa geçirmek bolup durýar.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly üstünliklere beslenip geçip barýan her bir güni, her bir aýy zähmet üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen birlikde ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ilata edilýän hyzmatlaryň hil derejesi barha ýokarlanýar.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolagçy biletleriniň internet arkaly «online» satuwynyň ýola goýulmagy, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom», «Altyn Asyr», «AŞTU» aragatnaşyk kärhanalarynda internet, IPTV, kabel telewideniýesi, öýjükli we simli telefon hyzmatlary üçin «online» töleg hyzmatlarynyň we ýeňillikli nyrhnamalarynyň döredilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky Taksomotor awtoulag kärhanasynda hereket edýän «Taksi» ulaglarynda döwrebap hyzmat, ýagny «Taksi» hyzmaty ýola goýuldy. Bu hyzmatda «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň bilelikdäki şertnamasy esasynda, täze taksi ulaglarynda planşetler ýerleşdirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çalt depginler bilen ösýän ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşmegi, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna itergi berýär.

Saparmyrat HANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.