Türkmenistan we Eýran ýük ulgamyny sanlylaşdyrmak meselelerini maslahatlaşdylar
11-11-21
Duşuşykda bilelikdäki gümrük gözegçiligi üçin ýeke gümrük postunyň döredilmegi barada pikir alyşylyp, “e-TIR” ulgamyny ornaşdyrmak mümkinçiligine garaldy.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň Tähranda şenbe güni Eýranyň gümrük gullugynyň jogapkär wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda taraplar “e-TIR” taslamasyna gatnaşyjylary artdyrmak arkaly awtoulagly ýük daşama ulgamyny sanlylaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da, hyzmatlaryň arasynda deslapky maglumat we gadagan harytlaryň sanawynyň alyş-çalşygy, tiz zaýalanýan harytlaryň ugradylmagyny tizleşdirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu duşuşykda bilelikdäki gümrük gözegçiligi üçin ýeke gümrük postunyň döredilmegi barada pikir alyşylyp, “e-TIR” ulgamyny ornaşdyrmak mümkinçiligine garaldy.
Bellenilişi ýaly, “e-TIR” ýük daşama işinde kagyz resminamanyň bolmazlygy gümrük edaralarynyň hem-de ýük daşaýjylaryň işini ýeňilleşdirer, amal çykdajylaryny azaldar, häzirki wagt tertibinde işleýän ygtybarly halkara elektron maglumat bazasynyň hasabyna ýük daşama işi tizleşdiriler.
Şeýle hem, “e-TIR” ulgamynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulanylmagy döwlet serhetlerinden geçmek işini sadalaşdyrmaga, daşama wagtyny we daşaýjylaryň çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berer.
https://business.com.tm/tm/post/7824/turkmenistan-we-eyran-yuk-ulgamyny-sanlylashdyrmak-meselelerini-maslahatlashdylar
Türkmenistan bilen Azerbaýjan gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sişenbe güni habar berdi.
Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
24-nji iýunda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara dost-doganlyk gatnaşyklary — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady” atly maslahat geçirildi.
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy agyr ýük ulaglarynyň sürüjilerini işe kabul edýär
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine degişli Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy täze iş orunlarynyň açylandygyny yglan etdi. Kärhana «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük ulaglaryny dolandyrmaga ukyply we degişli tejribä eýe bolan sürüjileri işe çagyrýar.
Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.