KERWENSARAÝLY ÝOLLAR

11-11-21

Türkmenistanyň Prezidentiniň
«Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

Uç-gyraksyz sähra ýollary... Goja zeminiň damary deýin ol ýollarda gör näçe geň-enaýy wakalar bar. Ynsan ol ýollara rowana bolup, tapanyny berýär, gazananyny äkelýär. Heňňamlardyr gerdişler dönse-de, uzak-uzak ýollarda ynsan hereketi togtamaýar. Şonuň üçin-de «Ýol – herekete dahyl» diýilýär. Biziň kyssamyz şol uç-gyraksyz ýollardaky kerwensaraýlar, söwda, dost-doganlyk gatnaşyklary hakynda.

Taryhy we ylmy çeşmeleriň habar bermegine görä, Türkmenistanda kerwensaraýlar yslam dini ýaýramazyndan has öň peýda bolupdyr. Orta asyrlarda Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda söwda kerwenleriniň dem-dynç almagy üçin her 3-4 kilometrden daş görnüşi tutuşlygyna ýapyk diwarly jaýlar gurlupdyr. Bezirgenleriň uzak ilden hatar gurap kerwen bilen gelmegi netijesinde, şeýle binalara soňy bilen kerwensaraý ady galypdyr.

Kerwen ýollary, kerwensaraýlar hakdaky maglumatlar we olar bilen baglanyşykly dürli wakalar gadymy edebiýatyň sahypalaryny bezäp gelipdir. Şeýle eserleriň hataryndan ХIII — ХIV asyrlarda ýaşan beýik türkmen alymy Nasyreddin Rabguzynyň «Kysasy Rabguzy», XV asyryň görnükli söz ussady Abdyrahman Jamynyň «Baharystan», Orta asyrlara degişli «Ajaýyplyk­laryň düri», türkmen hal­ky­nyň taryhynda görnükli döwlet işgäri, serkerdesi we meşhur söz us­sady hökmünde öçmejek yz galdyran Babyryň «Diwan» eserini mysal görkezmek bolar.

Kerwen ýollary hakyndaky iň gymmatly maglumatlara hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň sahypalarynda hem giň orun berilýär. Şeýle maglumatlar ata-babalarymyzyň dünýä ýollarynda bitiren işlerine nazar salmaga ýardam edýär.

Taryhdan mälim bolşy ýaly, gadymy döwürde uç-gyraksyz sähralyklary, çägeli çölleri, gözýetmez giňişlikleri sökýän kerwen hatarlarynyň esasy ýoly güneşli Türkmenistanyň çäginden geçipdir. Hormatly Prezidentimiz ady agzalan eseriniň birinji kitabynda belleýşi ýaly, ata-babalarymyz kerwençileriň oňaýly dynç almagyny üpjün etmek maksady bilen dürli kerwensaraýlary bina edip, ol ýerde argyşçylaryň oňaýly dynç almagyna ýardam edipdirler. Şeýle kerwensaraýlar Amul, Merw, Sarahs, Abiwerd, Bagabat, Nusaý, Dehistan ýaly şäherlerde bolupdyr. Gadymy Merwdäki Gurtlydepede, Köneürgençdäki Daşgalada gurlan kerwensaraýlaryň bolsa, dürli galyndylary şu günki günlere çenli saklanyp galypdyr.

«Ynsanyň tagtam, bagtam ojakda» diýlişi ýaly, ojak türkmen durmuşynda möhüm ähmiýete eýe. Ol dogduk depe, öý-öwzar, maşgala agzybirligi, ýurt abadançylygy ýaly düşünjeleri özünde jemleýär. Ata-babalarymyz ak öýlerinde bolşy ýaly, kerwensaraýlarda hem ojak gurupdyrlar.

Kerwensaraýlaryň aýratynlygy olaryň gapylarynda, äpişgelerinde hem aýdyň ýüze çykypdyr. Olar çeperçilik tejribesi bolan nakgaşlaryň hem-de neçjarlaryň  yhlasly zähmeti netijesinde dürli nagyşlar bilen haşamlanypdyr. Nagyşlarda daş-töweregi gurşap alan tebigat gözellikleri, daragtlar, dag görnüşleri hem-de ynam-ygtykat bilen baglanyşykly tumarlar suratlandyrylypdyr. Bu çeperçilik aýratynlyklary eziz Arkadagymyzyň kitabynda şeýle diýilýär: «Kerwensaraýlaryň çeper-bezeg işlerinde haşamly örümler we dürli görnüşdäki owadan ýonulan kerpiçler ulanylypdyr. Esasan hem, girelge tarap diwary aýratyn gözel bezelipdir. Baş girelgäniň töweregine kerpiç önümleri arkaly ösümlik nagyşlary haşamlanypdyr ýa-da dini ulamalaryň, dört çaryýarlaryň ady ýazylypdyr. Toplumyň umumy binagärligi, gezekli-gezegine utgaşyp gidýän arkalar, gümmezler, egmekler, minaralar, diňler bilen owadanlanypdyr».

Türkmen topragyna Günüň bolluk bilen söhle saçmagy, topragyň bütin ýylyň dowamynda ýagyş-ýagmyr bilen ýeterlik mukdarda yzgarlanyp durmagy gurluşyk materiallarynyň üpjünçiligini gowulandyrypdyr. Bu ýagdaýda boz toprakdan öndürilen gaýymdan berk kerpiçler, daragtlaryň berkden-berk agaçlary binalaryň asyrlardan-asyrlara öz asylky durkuny ýitirmän saklanyp galmagyna ýardam edipdir.

Kerwensaraýlaryň ýene bir ähmiýeti – medeni hyzmatlarda aýdyň ýüze çykypdyr. Uzak ýollary külterläp gelýän argyşçylar oňaýly kerwensaraýlarda ýerleşensoň, gyzgalaňly söwda gatnaşyklary başlanypdyr. Bu pursatlar eziz Arkadagymyzyň kitabynda şeýle beýan edilýär: «Kerwensaraýlarda adaty durmuş gaýnap joşupdyr, bu ýerde söwda şertnamasy baglaşylypdyr, ýük mallarynyň eýeleri kerwenbaşa işlemek hakyndaky teklip bilen hem gelipdirler. Gepleşiklerini hem-de özara jedellerini birýüzli edip, adamlar dynç alypdyrlar».

Görnüşi ýaly, kerwen-söwda gatnaşyklary halklaryň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda hem uly ähmiýete eýe bolupdyr. Bu meselede dünýä ylmyndan söhbet açýan kitaplarynyň ähmiýetini hem belläp geçmek möhümdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen dürli ugurlara degişli sandyk-sandyk kitaplaryň gelmegi adamlaryň ruhy dünýäsiniň özgermegine täsir edipdir. Geliň, bu mesele bilen baglanyşygy bolan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň durmuşyndan söhbet açýan bir rowaýata dykgat bereliň.

«Magtymguly dünýä ylmyna göz ýetirmek üçin küt-küt kitaplary özüne ýaran edinipdi. Kitaplar ak öýde münder-münder bolup barýardy. Onsoň bu ýagdaýy düzgüne salmak üçin Döwletmämmet molla hatar gurap gelýän bezirgenlerden sargyt edip sary sandyk getirtdi. Magtymguly kitaplary içi zarňyldyly sary sandyga ýerleşdirdi. Indi her ýerden kitap gelse-de, saklamagyň müşgili ýokdy. Garry molla öz ýanyndan: «Kitaplar sygmasa, kerwençilerden ýene sargyt ederis diýip, perzendiniň göwün guşuny ganatlandyrdy».

Çeper söze, ylma-bilime çuňňur gadyr goýýan halkymyz hemişe Beýik Ýüpek ýoly bilen gelýän bezirgenler bilen işjeň hyzmatdaşlygy saklap gelipdirler. Şeýdip ak ýollarda döreýän gatnaşyklar dostluga we doganlyga öwrülipdir.

Atamyrat ŞAGULYÝEW, 
žurnalist.

 

1685250e64d9cd.jpeg
IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.


1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.