BITARAPLYK — ABADANÇYLYGYŇ AK ÝOLY

09-12-24

Türkmenistanyň halky ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesini her ýyl uly buýsanç bilen dabaralandyrýar. Şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralar halkymyzyň asylly däp-dessurlary, asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklary we ynsanperwer ýörelgeleri bilen utgaşýar.

Berkarar döwletimiziň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde barha dabaralanýandygynyň esasy sebäpleriniň biri-de, bu syýasy taglymatyň atababalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden öz gözbaşyny alyp gaýdýan gadymy milli däpdessurlarymyza, ýörelgelerimize esaslanýanlygydyr. Çünki halkymyz taryhyň dürli döwürlerindede asuda ýaşamagyň, goňşy döwletler bilen hoşniýetli, parahatçylykly gatnaşyklary, goňşuçylyk däplerini alyp barmagyň tarapdary bolupdyr. Bu babatda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň halkymyzyň özboluşly milli häsiýetlerine, dünýägaraýşyna kybapdaş gelýändigi bellemeli ýagdaýdyr.

Türkmen Bitaraplygy haýsydyr birsyýasy bileleşigiň öňe süren taglymaty bolman, eýsem, halkymyzyň döreden köp asyrlyk ýörelgesiniň we häzirki zaman dünýägaraýşynyň özboluşly sazlaşygdyr. Hemmeler bilen hoşniýetli gatnaşykda bolmak, dostanalyk ýaly häsiýetler türkmen halkyna asyrlaryň dowamynda mahsus bolandyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi milli jemgyýetçilik aňynda giň goldawa eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkyny daşky dünýä üçin has düşnükli we açyk görkezýär.

Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan öz borçnamalaryny yzygiderli we birkemsiz berjaý edýär. Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Esasy Kanunda berkidilen, umumy ykrar edilen halkara hukuklary goldaýar. Daşary syýasatda beýleki döwletleriň içki işine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk, harby toplumlara we birleşiklere goşulyşmazlyk ýaly ýörelgelere ygrarly bolup, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilik, dostluk, birekbirege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklary ösdürýär. Bitarap Türkmenistan parahatçylygy, parahatçylyk dörediji ýörelgeleri goldamak işinde halkara bileleşige hemişe ýardam bermäge taýýardyr.

BMG-niň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylyk dörediji tagallalarynyň çäklerinde Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk konsepsiýasyny iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmekde BMG bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmen Bitaraplygy deňsiztaýsyz dereje bolup durýar. Çünki ol döwletiň özbaşdak we hoşniýetli erkine laýyklykda saýlan ýolunyň anyk netijesidir. Ýurdumyz özüniň bitaraplyk ýörelgesi bilen adamzat medeniýetiniň ösüşine özboluşly goşant goşýar. Goňşy Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömeginiň berilýändigini, bu ýurduň ykdysadyýeti üçin möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini bellemeli. Munuň özi bitaraplygyň, şonuň bilen baglanyşyklylykda, hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň anyk netijeleridir diýip bolar.

Bitaraplyk — munuň özi syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlary özünde jemleýän janly we dörediji güýçdür. Hut şonuň üçin hem bu mesele boýunça geçirilýän halkara maslahatlaryň dowamynda Bitaraplygyň täze mümkinçilikleri açylýar we dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň tejribeleri baýlaşdyrylýar. Halkara forumlaryň bilim ulgamyny ösdürmek babatda hem ähmiýetlidigini bellemeli. Şeýle forumlaryň maglumatlary okuw gollanmalaryna girizilip, olary geljekki diplomatlar, ykdysatçylar, hukukçylar, žurnalistler bolan ýurdumyzyň talyplary içgin öwrenýärler.

Türkmen Bitaraplygy döwrümiziň we geljegimiziň ugur görkezijisidir, ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikdir. Goý, halkymyzy ösüşiň hem parahatçylygyň ýoly bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Nurmuhammet SULEÝMANLY,
Türkmenistanyň Inžener tehniki ulag komminikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.