EKOLOGIÝA BARADA BILIMIŇ ÄHMIÝETI
12-11-21
Ekologik bilimiň we terbiýäniň esasy maksady şahsyýetiň we jemgyýetiň ekologik medeniýetini, aňyny we düşünjesini emele getirmek hem-de ynsanyň ýaşamagyny we ösmegini üpjün edýän tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň tejribesini ösdürmekdir. Bularyň bary adamlaryň sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge ýardam eder.
Ekologik bilim — bu adamlaryň özüni alyp barmagynyň ahlak kadalaryny emele getirmäge gönükdirilen, şahsyýetiň üznüksiz terbiýe, okuw,we ösüş ýagdaýydyr. Ekologik bilim — ekologik düşünjeleri, ukyplary we endikleri öwretmek üçin maksatly guralýan, meýilnamaly we ulgamlaýyn amala aşyrylýan işdir. Bu işleri netijeli alyp barmak we ekologik bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmek üçin ekologik taýdan sowatly hünärmen mugallymlary taýýarlamak, okuw-usulyýet binýadyny güýçlendirmek zerur bolup durýar. Ýurdumyzda bu ugur boýunça alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär, ýagny ekologik bilim we terbiýe meselesine üns berýänleriň sany artýar, okuw dersleriniň ekologiýalaşdyrylmagy bilen bir hatarda, ýöriteleşdirilen ekologiýa dersleri girizilýär, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak çygrynda işleýänleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýän usulyýet binýadynyň mazmuny
hil taýdan kämilleşdirilýär.
Ekologik bilimi we bilim ulgamyny ekologiýalaşdyrmagy tapawutlandyrmak bolar. Olar özara baglanyşykly hem bolsalar, käbir jähetde dürli ýagdaýlar bilen häsiýetlendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň çäklerinde başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň ählisinde bilim alýan talyplara ekologiýa we daşky gurşawy goramak okuw dersini okatmak ýola goýuldy. Ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, her ýyl “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersi boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Ilatymyzyň ekologik düşünjesini has-da artdyrmak maksady bilen, ylmy žurnallardan başga hem gündelik gazetlerde, köpçülige niýetlenen žurnallarda ekologiýa, daşky gurşawy goramaga we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga bagyşlanan makalalar yzygiderli çap edilýär.
Tebigaty goramak işine halk köpçüligini, aýratyn hem ýaş nesli çekmek döwrümiziň wajyp ugurlarynyň biridir. Ekologik terbiýäniň has täsirli serişdelerine dürli görnüşli amaly işler degişlidir. Daşky gurşawy gowulandyrmak üçin köpçülikleýin bag ekmek, arassaçylyk işlerini geçirmek çäreleri adamlaryň tebigata bolan garaýşyny oňyn tarapa üýtgedýär. Şol sebäpli döwletiň goldawy bilen ähli raýatlarymyz ýurdumyzyň tokaý gaznasyny artdyrmak, howasynyň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, Köpetdagyň eteginde, paýtagtymyzyň daş-töwereginde, obalarymyzyň we şäherlerimiziň töwereginde, “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda, ulag ýollarynyň ugrunda, Bötendag belentliginiň töwereginde döredilýän tokaý zolaklarynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýarlar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ekologik bilimi we medeniýeti ösdürmek, daşky gurşawy goramak baradaky taýsyz tagallalar ynsanperwer ýörelgäniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.
Orazmyrat ÝARANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.