ÝURDUMYZYŇ ULAG-LOGISTIKA SYÝASATY SAZLAŞYKLY ÖSÜŞLERIŇ TÄZE BELENTLIKLERINE TARAP

12-11-21

Milli Liderimiziň ulag ulgamlarynyň köpugurly düzümlerini döretmek hakyndaky yzygiderli öňe sürýän başlangyçlary sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Munuň özi parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, howpsuzlygyň, durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Şeýlelik bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz Ýewraziýa yklymynyň köp sanly ýurtlaryny birleşdirýän döwlete öwrülýär. Logistik strategiýany ösüşiň esasy ugry hökmünde kesgitleýän hem-de Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän Türkmenistan ulag düzümlerini kemala getirmekde we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde geljegi nazarlaýan täze ýollary açýar.

Ulag logistikasy dürli ulag görnüşlerini ulanmak bilen, halkara ýük daşalyşy amala aşyrylanda olaryň amatly, çalt we howpsuz daşalmagyny üpjün edýär. Bu bolsa dünýä bazarlarynyň ösýän döwründe ulag-aragatnaşyk infrastrukturalaryň ösmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine amatly şertleri döredýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ilatyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmak, ykdysady ösüşi gazanmak üçin ulag ulgamyny ösdürmegiň, bu ugurda halkara tagallalarynyň birleşdirilmeginiň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ulag ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi we bu işler häzirki döwürde hem dowam edýär. Ýurdumyzyň logistika ulgamynyň ähli görnüşleri dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we tehnikalaryny ornaşdyrmak arkaly ösdürilýär.

Ulag logistikasyny ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde hyzmat etjek häzirki zaman awtomobil ýollarynyň gurluşygy göz öňünde tutulan «Demirgazyk — Günorta» we «Günbatar — Gündogar» ulag geçelgeleriniň döredilmegi ugrundaky işler üstünlikli alnyp barylýar. Bu ýollaryň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Türkmenbaşy Halkara aeroportunyň üstünden geçmegi, Hazaryň türkmen kenarynda jemlenmegi, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly multimodal ulag logistikasyny iş ýüzünde amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Çünki Aziýany we Ýewropany birikdiriji köpri bolup hyzmat etjek bu wajyp ulag halkasy döwletimiziň ulag ulgamynda möhüm orny eýeleýär. Bular bilen bir hatarda dünýäniň iri ykdysady ulgamlaryny birleşdirýän, halkara ulag gatnawlaryny ösdürmegi maksat edinýän Ýewropa — Kawkaz — Aziýa geçelgesi (TRASEKA) ýükleriň daşalyşyny artdyrmak üçin milli ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga itergi berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzda Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti hökmünde köpugurly ulag düzümini döretmekden ybaratdyr.

Bu ulgamda milli Liderimiziň başlangyjy bilen giň gerimli taslamalar, şol sanda hereket edýän awtomobil we demir ýollarynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak, täze ugurlaryny gurmak, raýat awiasiýasynyň, gämigurluşygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli özgertmek hem-de giňeltmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

“Ýedi ýoluň çatrygy” diýlip atlandyrylan Türkmenistanyň çäginden gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ol Aziýany we Ýewropany söwda hem-de medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyrypdyr. Yklymara ýollaryň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz häzirki döwürde hem adamzat ösüşinde uly ähmiýete eýe bolan bu meşhur ýoly täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeldýär.

Ulag-kommunikasiýa ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň we söwdasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ol dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna gönüden-göni täsir edýär, durnukly ösüşiň wezipelerini çözmekde möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyzyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolan oňyn başlangyçlarynyň örän wajypdygy äşgärdir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen degişli Kararnamalar hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň çäk taýdan örän amatly — Ýewropa gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegini hem-de bu ulgamda bar bolan kuwwaty nazara almak bilen, halkara ölçeglere laýyk gelýän we ulaglaryň ähli görnüşlerini, şol sanda howa ulagyny özüne birleşdirýän multimodal üstaşyr ulag düzümini ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durnukly ösüşiň wajyp şerti hökmünde halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmeginiň ileri tutulmagy Watanymyzyň ulag-logistika ulgamynda sebit we yklymara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin arman-ýadaman zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň   “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.