Kämil ýaşlary kemala getirmekde sanly bilim portalynyň orny

24-04-25

Hormatly Prezidentimiz: «Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr» diýip jaýdar belleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ösüşiň täze tapgyryna badalga boldy.

Milli bilim ulgamyny mundan beýläk kämilleşdirmek işlerine-de bu Maksatnamada uly orun berlendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Diýarymyzda alnyp barylýan ylym, bilim özgertmeleriniň biri hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda döredilen sanly bilim portalydyr.

Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyrynda sanly bilim ulgamynyň programma üpjünçiligi hem-de onuň binýadynda taýýarlanylan bu bilim portaly uly ähmiýete eýedir. Ýokary okuw mekdepleriň hünärmenleriniň, professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda döredilen sanly bilim portaly talyp ýaşlaryň kämil bilim almaklaryna ýakyndan ýardam berýär. Ondan içgin peýdalanýan talyplar özleriniň nazary okuwlarynda alýan bilimlerini has-da çuňlaşdyrýarlar.  2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndan güýje girizilen «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden ugur alyp ýurdumyzyň ýokary, orta hünär we orta mekdepleri öz asylly maksatly işlerini has-da netijeli alyp barýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda batly depginler bilen gülläp ösýän Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň barha dabaralanýandygy hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ata Watanymyzda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen ýaşlaryny dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil, giň dünýägaraýyşly, Watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmek döwrümiziň öňde goýýan wezipeleriniň esasyny düzýär.

Eziz Diýarymyzyň bilim ojaklaryna häzirki zaman kompýuter tehnologiýalarynyň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde sanly aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen umumy okuw sapaklary guralýar, online görnüşinde internet olimpiadalary geçirilýär.  Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde degişli uzak aralykdan aralaşmak üçin bilim portal saýtlary we birnäçe internet torlary döredildi. Bu internet portallarynda bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň özlerine gerek bolan islendik kitapdyr gollanmalary we başgada beýleki ahli mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmekleri diýseň bellärliklidir. Mugallym sanly bilim ulgamynyň üsti bilen öz ugry boýunça bilim bermekligiň daşary ýurt  tejribesini öwrenip, öz hünär derejesini günsaýyn kämilleşdirip bilýär.  Mugallymyň ders gutaryp barýarka, şu günki sapakda geçen temasyna degişli elektron gollanmalary, wideorolikleri talyplara berip goýbermegi, ýaşlaryň öýlerinde okuwda öwredilen mowzugy  has çalt özleşdirip, örän içgin öwrenmegine  diýseň oňyn şert döredýär.

Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly umumy okuw sapaklary guralýar. Şeýle okuw sapaklarynyň, uzak aralykdan bilim bermegiň beýleki usullarynyň geçirilmegi, wideoşekilli maslahatlaryň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen ýygy-ýygydan guralmagy bu işleriň netijeli boljakdygyny aňladýar.

Konspesiýanyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portaly işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlan elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça institutda giň möçberli işler alnyp baryldy, şol sanda: Institutymyzyň bar bolan maglumat-aragtanaşyk ulgamynda içerki torda işleýän sanly bilim portaly ornaşdyryldy we elektron kitaphanasy hereket edýär. Institutymyzyň içerki torda hereket edýän bilim portalynda elektron bilim gorlary, ýagny bilim maksatly maglumatlar toplumlary (elektron kitaplar, okuw maksatnamalar, gollanmalar, umumy, amaly we tejribe sapaklaryň sanly toplumy, wideoşekilli we audio maglumatlar, presentasiýalar, testler we logiki sowalnamalar we ş.m.) ýerleşdilirildi hem-de olar yzygiderli baýlaşdyrylýar. Içerki torda yzygiderli ders bäsleşikleri test görnüşinde geçirilýär.

Elektron okuw talyp ýaşlaryň özbaşdak okuw bilen meşgullanmaga, döredijilikli pikirlenmäge, uzak aralykdan bilim almaga höweslendirýän täsirli aragatnaşyk ulgamdyr we sanly maglumatlary ulanmak, öwrenmek, saklamak endiklerini özleşdirmek üçin mümkinçilikleri açmaga kömek edýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çärelere laýyklykda, institutynda hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan içki lokal tory döredildi, sanly bilim portalynyň tor programma üpjünçiligi işlenip düzüldi we onuň binýadynda bolsa sanly bilim portaly işlenip taýýarlanyldy.

Biz bilim işgärleri bagtyýar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlary dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ mugallymy.

1685250e64d9cd.jpeg
IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.


1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.