TÜRKMEN BITARAPLYGYNYŇ RUHY KÖKLERI

12-12-24

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň çuňňur filosofik, dünýägaraýyş jähti bar, ol türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edýän milli däpleri, pikir ýörediş aýratynlyklary bilen sazlaşykly baglanyşyklydyr. Açyklyk, myhmansöýerlik, parahat söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, özara düşünişmäge çalyşmak, oňşuklylyk türkmen halkyna mahsus bolan sypatlardyr. 

Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz tarapyndan “Kyýamat güni goňşudan”, “Öý almankaň – goňşy al”, “Donumyň syny goňşymyňky”, “Goňşy aşy – dişe däri”, “Goňşy aşy – göwün hoşy”, “Goňşy goňşudan giç ýatyp, ir turmany öwrener”, “Goňşy goňşudan görk alar”, “Goňşy goňşyň hem görki, hem örki” – ýaly onlarça nakyllar döredilipdir. Bu  pähimleriň düýp özeni pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgesinden gözbaş alýar.

Halkymyzyň milli aň-düşünjesine milletparazlygyň ýatlygyny, açyk göwünliligiň, parahatsöýüjiligiň, başga milletleriň diline, dinine, medeniýetine hormatyň uludygy belli hakykatdyr.

Bilşimiz ýaly, türkmenleriň “töwellaçylyk” diýilýän  däbi bardyr. Ata – babalarymyz adamlaryň agzybir gatnaşykda bolmagy üçin köp tagallalar edipdirler. Eger-de bir saý-sebäp bilen ara tow düşäýse, onda obanyň sylanýan ýaşululary töwella edip, ol meseläni parahatçylykly ýol bilen çözmegi başarypdyrlar.

Şükür bagşynyň urşa, gan döküşiklige ýol bermezlik maksady bilen Eýrana dutarly gitmegi türkmen töwellaçylygynyň we parahat söýüjiliginiň aýdyň  mysalydyr.

Gündogaryň beýik söz ussady, aryf-akyldar Magtymguly Pyragynyň öwüt–ündewe ýugrulan setirleri hem halk hakydasynyň ynsanperwerlige esaslanýan jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýar. Beýik akyldaryň:

Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eder,
Gylygyň bet bolsa, işiň jeň bolar.

Ýa-da:

Duşmanyň hem düşer bolsa goluňa,
Owal başda bir mürrewet gerekdir

– diýen setirleri munuň aýdyň güwänamasydyr.

Eždat-pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgeleri ähli döwür üçin durmuş kadasyna öwrülipdir. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň nesil ulgamlary, Gorkut atanyň, Görogly begiň şire deňän ýigitleri, Döwletmämmet Azadynyň milletiň akyl–paýhasy saýan ýaşululary, “Yşk mülküniň şasy” Mollanepesiň Aýa meňzeden gelin – gyzlary, halkymyzyň perişdä deňäp gelen çagalary bu ýol-ýörelgelerden ugur alypdyrlar. Şeýlelikde, bu ýörelgeler dowamata ýar bolup, biziň şu günlerimize gelip ýetipdir. Bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda halkymyzyň bu ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgeleri rowaçlyklara eýe bolýar.

Leýli HALMYRADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.