HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZA GUWANÝARYS
12-12-24
Mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz — türkmen halkynyň goşa ganaty. Halkymyz asuda hem abadan durmuşy asyrlarboýy arzuw edip gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylygy berkitmäge işjeň goşant goşýan döwlete öwrüldi.
Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, dünýä döwletleri bilen ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmaga uly ähmiýet berdi. Şunda hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinden ugur aldy. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň ýokary galmagyny üpjün etdi. Şonuň netijesinde 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Rezolýusiýa kabul edildi. Ýeri gelende bellesek, bu möhüm ähmiýetli resminama Milletler Bileleşigine şol wagt agza bolan 185 döwlet tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Şeýlelikde, Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýäde giňden tanaldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly ýörelgäniň durmuşa geçirilmegi netijesinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlandyrylýar. “Açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz halkara maslahatlaryň we beýleki möhüm ähmiýetli çäreleriň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere biziň talyp ýaşlarymyz hem mynasyp goşant goşýarlar. Olar bilimlerini has-da artdyryp, halkara ylym-bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna girmegi, dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen syýasy, ykdysady, bilim, ylym we beýleki ugurlarda giň gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we ösdürilmegi, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetiniň aýdyň subutnamasydyr.
Goý, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäniň ähli künjeklerinde parahatçylygyň müdimilik berkarar bolmagyna ýardam etsin! Ýer ýüzünde parahatçylygyň, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryň hemişe höküm sürmegi üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Polat ORAZMETOW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.