Halkara aragatnaşyk hyzmatlarynyň täze öwüşgini
16-11-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylymyzyň her bir güni täze ösüşlere beslenýär, taryhy wakalara eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda aragatnaşyk ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar we beýik sepgitlere ýetilýär. Munuň aýdyň subutnamasy bolup, 2021-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel - 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahaty geçirildi. Bu maslahat ýurdumyzda iň täze aragatnaşyk serişdeleriniň ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga, ählumumy Durnukly ösüş maksatlary jähtinden, döwletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerine bagyşlanan halkara onlaýn maslahatda garalýan wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga birnäçe ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Maslahatyň işine diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, hünärmenler, alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler.
Bu maslahatda öňden gelýän, maglumat tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän hyzmatdaşlarymyz bolan “NOKIA”, “HUAWEI”, “Thales”, “Delta Telekom Ltd”, “Rostelekom”, “Azertelekom” we beýleki kompaniýalary bar.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýa ulgamyny kadalaşdyrýan hukuk binýady Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty bilen baglylykda, döwrüň talaplaryna görä yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda “Aragatnaşyk hakynda”, “Türkmenistanda internetiň ösüşini we internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumatlar we ony goramak hakynda”, “Kiberhopsuzlyk hakynda”, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi.
Ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň arasynda özüniň ilkinji “TürkmenÄlem 520E” emeli hemrasyny uçurmagy guwandyryjy wakadyr.
Iki günläp dowam eden onlaýn maslahatyň çäklerinde “Sanly ykdysadyýet ugrunda Halkara hyzmatdaşlygy - Düzgünleşdiriş we kanunçylyk - Göni daşary ýurt maýa goýumlary”, “Kosmos ulgamyndaky täze tehnologiýalaryň sanly ykdysadyýetde orny”, “Berkidilen we öýjükli aragatnaşyk ulgamlary: aragatnaşygyň bitewi milli ulgamyny döretmek, giňzolakly optiki-süýümli 5G öýjükli aragatnaşyk ulgamlary”, “Sanly özgertmeler zamanasynda maglumat howpsuzlygy” ady bilen geçirilen dört mejlisiň çäginde dürli ýurtlarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmegiň täze ugurlary barada aýdyldy.
Ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamlaryny we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça täze taslamalar hem türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Ýusup ULUGBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň “Menejment we innowasiýa tehnologiýalary” kafedrasynyň mugallymy.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.