Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti

18-07-23

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet durmuşynyň ähli ugurlary bilen bilen bir hatarda bilim-terbiýe meselesine, ýaş nesilleriň ruhy-ahlak medeniýetini kemala getirmek, kämilleşdirmek, ýaşlaryň ahlak sypatlaryny ösdürmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýaly wajyp meseleleri üns merkezinden düşürmeýänligi ýaş nesli ruhy taýdan terbiýelemek işini irginsiz alyp barýan kitaphanaçylary has-da buýsandyrýar.

Ýaş nesli kitabyň, çeper eserleriň üsti bilen terbiýelemek çagalar kitaphanalarynyň işgärleriniň öz öňlerinde goýýan asylly maksatlarynyň biri bolup durýar. Çeper eserleriň – kyssadyr şygyrlaryň üsti bilen çagalara Watançylyk terbiýesini, estetiki terbiýäni, zähmet terbiýesini, ruhy-ahlak terbiýesini bermegiň, olarda ata Watana, ene Topraga bolan söýgüni döretmegiň, ene-ata bolan sylag-hormaty kemala getirmegiň, ylyma-bilme, kitaba sarpa goýmagy öwretmegiň özi kitaphanaçylaryň mukaddes borjudyr.

Nusgawy edebiýatyň ynsan aňyna, hususan-da, şahsyýet hökmünde kemala gelýän ýaş nesliň aňyna örän netijeli täsir edýändigine şübhelenýän megerem ýok bolsa gerek. Mysal üçin, şygryýet dünýäsi Jemşidiň jamyna deňelýän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde durmuşy, watançylyk-gahrymançylyk, öwüt-nesihat, at-bedew, söýgi-tebigat temalary eriş-argaç bolup geçýär.  Watan, gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, jebislik hakyndaky şygyrlary bolsa onuň döredijiliginde iň bir görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, “Magtymguly Pyragy synmaz, özygtyýarly Türkmen döwletini, agzybirligi, jebisligi arzuw eden hakyky watançydyr”.

Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar, ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny ýer ýüzüne äşgär eden ussatdyr.

Magtymguly, garyp göwnün baý edip,
Kanagat ülkesin bendi-jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan aý edip,
Aýyn gözlär, özge aýa seretmez”

- diýen setirleriniň üsti bilen göwnüň, ruhuň baý bolmagyny, sabyr-kanagaty özüňe ýaran edinmelidigini, söýgüňe wepaly bolmalydygyny öwredýär.

Öz bilim alan ýeriňe sylag-hormat goýmagyň görelde mekdebi bolup durýan setirleri bolsa ýaşlarda ylyma-bilime, okaýan mekdebine, gatnaýan kitaphanasyna sarpa goýmagy ündeýär:

“Daýym unutmaz men tylla gapysyn,
Gider boldum, hos gal, gözel Şirgazy!”

- diýmek bilen, nusgawy şahyrymyz “mekan eýläp, üç ýyl duzuny iýen”,  okap bilim alan ýerine özüniň hormatyny, sylag-sarpasyny parasatly setirleriniň üsti bilen mälim edýär.   

Ýaş ýetginjekler goşgy setirlerini sesli, labyzly okamak bilen, okan goşgy setirleriniň mynysyna düşünmeklige, hem-de ony mugallymlaryna, ene-atalaryna, ýa-da bolmasa biri-birlerine gürrüň bermeklige synanyşýarlar. Nusgawy şahyrlaryň eserlerini okamaklyk has aýdyň ýagdaýda bolup geçýär. Çünki nusgawy şahyrlarymyz göräýmäge ýönekeý bolup görünýän setirleriň üsti bilen çuňňur many-mazmuny açyp görkezmegi, “gysga, emma şerhi köp” sözleriň üsti bilen umman ýaly giň, daglar ýaly belent paýhas-pikirleri beýan etmegi ussatlyk bilen başarypdyrlar. Bu eserleri okap çagalar özleriniň söz baýlyklaryny hem artdyrýandyklaryny, düşünmedik sözlerini sözlüklerden gözläp tapýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa olaryň kitaphanadan, maglumat çeşmelerinden özbaşdak peýdalanmak, özbaşdak pikirlenmek endiklerini kemala getirýär.   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr” diýip şahyra belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ata-babalarymyzyň goýup giden akyl-paýhas mirasyny mynasyp sarpalamak, olary öwrenmek, nesil terbiýesinde netijeli peýdalanmak üçin uly mümkinçilikler döredildi.

Musa MÄTÝAKUBOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

166bc5015022ab.jpeg
Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy

Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.


166e33d3052645.jpeg
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili

Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär.


162c7f106b96c2.jpeg
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy

Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.


162cba1ff0af91.jpeg
GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM

Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paý­laýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.


166515eeba8e2c.jpeg
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty

Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. H

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.