Talyplaryň arasynda sanly ulgam arkaly bilim bäsleşikleri geçirildi
16-11-21
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda fizika, ekologiýa daşky gurşawy goramak dersleri boýunça online formatda Açyk olimpiada geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ýokary hünärli ýaş ylmy işgärleri-täze garaýyşly alymlaryň neslini taýýarlamak şol özgertmeleriň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Alymlaryň täze nesline innowasiýalar we ösüşler eýýamynda türkmen halkynyň öňünde durýan ägirt uly wezipeleriň çözülmegini üpjün etmek garaşýar.
Bu ugurda maksada gönükdirilen işleriň alnyp barylmagy netijesinde, bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, umumy kabul edilen ölçeglere kybap getirilýär. Bu bolsa ýaş nesillere ýokary hilli köptaraply bilim almaga mümkinçilik berýär. Tutuş ýurdumyz boýunça iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyklarynyň ýaýbaňlandyrylmagy we açylmagy hem-de olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, şol sanda Internet ulgamynyň dünýäni gurşap alýan maglumatlar binýadyna ýokary tizlikli elýeterliligi we elektron kitaphanalarynyň ornaşdyrylmagy muňa gönüden-göni täsir edýär.
Ýakynda ýokary okuw mekdebimizde sanly bilim ulgamyny durmuşa geçirmekde innowasiýanyň we döwrebap bilimiň önümçilikdäki sazlaşygyny açyp görkezmek, talyp ýaşlaryň bilimini gözden geçirmek, olary tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çekmek, täze döredilen işleri höweslendirmek maksady bilen fizika we ekologiya derslerinden online olimpiada guraldy. Professor-mugallymlaryň we ylmy hünärmenleriň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebimiziň ýolbaşçylygynda ders bäsleşigi geçirildi. Şeýle bäsleşikleriň guralyp durulmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ylmyň we sanly bilim ulgamynyň netijeliligini we döwrebap hünärmenleriň ýetişdirilýändigini alamatlandyryp, zehinli we başarjaň ýaşlaryň kemala gelýändigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýa instituty tarapyndan guralan we onlaýn-formatda geçirilen fizika, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça olimpiadasynyň netijeleri jemlendi.
Fizika dersi boýunça internet olimpiadanyň netijeleri: Jemi 4 birinji, 6 – ikinji we 5 - üçünji ýerler berildi. Ýeňijileriň biri – Ataýew Diýarguly hormat münberiniň iň ýokary basgançagy boýunça öz bäsdeşlerinden ep-esli öňe saýlandy. Ol Türkmen Döwlet energetika institutynyň talyby, jemi 91,7 bal toplady. Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Keremdurdy Gurbandurdyýew, Türkmen Milli howpsuzlyk instituty - 66.7 bal; Gurbanow Eziz, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalary uniwersiteti - 66.7 bal; Söýünhanow Öwezmuhammet, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty - 66.7 bal toplap birinji orny eýelemegi başardylar.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Baýramow Bezirgen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty - 58.3 bal; Akmyradow Gowşut, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti - 58.3 bal; Mamudowa Aýlar, S.Seýdi adyndaky mugallymçylyk instituty - 58.3 bal; Kössekowa Läle, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti - 50.0 bal; Töräýewa Ogulnur, S.Seýdi adyndaky mugallymçylyk instituty - 50.0 bal; Sopyýew Hanmyrat, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti - 50.0 bal topladylar we ikinji orny eýelemegi başardylar.
Üçünji ýeriň jemleri boýunça Iljanow Parahat, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti - 41.7 bal; Annaorazow Döwletgeldi, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty - 41.7 bal; Agayewa Aýjahan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti - 41.7 bal; Jumanazarow Gurbangeldi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti - 41.7 bal; Öräýew Mekan, Türkmen döwlet binagärlik-gurlşuk instituty - 41.7 bal topladylar.
Ekologiýa we daşky gurşawy goramak dersi boýunça internet olimpiadanyň netijeleri: Jemi 5 birinji, 7 ikinji we 12 üçünji ýerler berildi. Ýeňijileriň biri – Guwanjow Sapargeldi hormat münberiniň iň ýokary basgançagy boýunça öz bäsdeşlerinden ep-esli öňe saýlandy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti talyby jemi 82,5 bal toplady. Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Allakow Döwran, Türkmenistanyň serhet instituty - 63,8 bal; Ýangybaýewa Sabina, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersiteti - 58,8 bal; Tekäýew Şatlyk, M.Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersiteti - 56,3 bal; Muhanowa Ogulnur, Türkmen oba hojalyk instituty - 56,3 bal toplap birinji orny eýelemegi başardylar.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Agaýewa Merjen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti - 55 bal; Gutyýew Arazmuhammet, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti - 53,8 bal; Durdyýew Durdy, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersiteti - 52,5 bal; Kerimowa Täzegül, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti - 52,5 bal; Jumageldiýewa Ruhsara, Türkmen oba hojalyk instituty - 52,5 bal; Akyýew Begençmyrat, Türkmenisatnyň harby instituty - 51,3 bal; Garaýew Jemşit, M.Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersiteti - 51,3 bal toplap ikinji orny eýelemegi başardylar.
Bäsleşige gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň 12-si üçünji oruna mynasyp boldular. Olar Batyrowa Oguljemal, Turkmen oba hojalyk instituty - 51,3 bal; Babamyradowa Jennet, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti - 51,3 bal; Açylow Gaýrat, Türkmenisatnyň harby instituty - 48,8 bal; Halylowa Mährijemal, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti - 48,8 bal; Annamyradowa Aylar – Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersiteti - 48,8 bal; Abduseýidowa Aziza, Türkmen döwlet maliýe instituty - 48,8 bal; Annageldiýew Nurröwşen, Türkmenisatnyň harby instituty - 47,5 bal; Taganow Döwlet, Türkmen döwlet energetika instituty - 47,5 bal; Baýramow Mekan, Türkmen milli howpsuzlyk instituty - 43,8 bal; Bäşimowa Nurbike, Türkmen döwlet energetika instituty - 42,5 bal; Atajanowa Nurtäç, Türkmen döwlet energetika instituty - 40 bal; Geldimyradow Geldimyrat, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiyalary instituty - 40 bal toplap, üçünji orny eýelemegi başardylar.
Olimpiada online düzgüninde kompýuter testi görnüşinde geçirildi. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyp ýaşlary hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan çuň manyly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny ýene bir gezek subut etmegi başardylar. Ildeşlerimizi, talyplarymyzy gazanan üstünlikleri bilen gutlaýarys. Bu gazanylan üstünlikler biziň institutymyzyň mugallymlarynyň çekýän zähmetleriniň netijesidir. Geljekde-de, biziň institutymyzyň talyplarynyň şunuň ýaly ders bäsleşiklerde öz bilimlerini has-da ýokary derejede görkezjekdiklerine ynanýarys. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň bilim derejelerini ýokarlandyrmak üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri her bir bilim işgäriniň kalbynda buýsanç döredýär. Milli Liderimize şeýle ýokary derejedâki ýaryşyny geçirmâge döreden mümkinçiligi üçin sagbolsun aýdýarys!
Wepa KOWSYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Maglumatlar we okatmagyñ tehniki serişdeler bölüminiñ esasy inženeri.
Çapa taýýarlan: Möwlam HAÝTGULYÝEW,,
Türkmenistanyň Inźener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uçurymy.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.