Türkmen-gazak ulag hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
17-11-21
Gazagystanyň logistika kompaniýalarynyň wekilleri üstaşyr ýükleri barada maglumat alyşmakda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi teklip etdiler. Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow anna güni Gazagystanyň öňdebaryjy logistika kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Onuň barşynda ulag we logistika pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, gazak tarapyndan duşuşyga “Astyk Trans” paýdarlar jemgyýetiniň, “Iskomtrans”, “Semurg Invest”, “KTZ Express JSC”, “Multimodal Kompaniýa”, “TransLogistic Group” ýaly kompaniýalaryň, şeýle hem Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen diplomaty duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanyň ulag logistika pudagyndaky soňky üstünlikleri, şol sanda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Aşgabat-Tejen böleginiň işe girizilendigi barada habar berdi. Şeýle hem, diplomat “Türkmenbaşy” halkara portunyň, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary” we “Türkmenhowaýollary” agentlikleriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.
Gazagystanyň logistika kompaniýalarynyň wekilleri hem öz gezeginde üstaşyr ýükleri barada maglumat alyşmakda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi teklip edip, türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny mälim etdiler.
Şu ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň dowamynda türkmen-gazak gepleşikleri geçirilip, birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
https://business.com.tm/tm/post/7848/turkmengazak-ulag-hyzmatdashlygy-maslahatlashyldy
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.