Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri — dertleriň melhemi

23-02-26

Milli Liderimiziň her bir maşgala üçin gymmatly çeşme bolan ylmy-ensiklopedik eserlerinden halkymyz halk lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin maglumat alýar. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanyljak birnäçe ösümliklere aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzyň ösümlik dünýäsi iňňän baýlygy bilen tapawutlanýar. Birnäçe keselleriň öňüni almakda we bejermekde melhemlik serişde bolup hyzmat edýän ösümlikleriň birnäçe görnüşleri barada «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze jildinde beýan edilýär.

Kitap lukmançylyk ulgamynyň işgärleri, dermanlyk çig mallaryny taýýarlaýanlar we ýygnaýjylar bilen birlikde giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Hormatly Prezidentimiziň gymmatly gollanmalarynyň dowamy bolan ylmy-ensiklopedik neşiriniň täze jildinde dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy barada giňişleýin berlen maglumatlary almak bolýar. Kitapda her bir dermanlyk ösümligiň surety berilýär. Bu bolsa şol dermanlyk ösümligi tanamaga, ýygylanda görmäge, deňeşdirmäge kömek edýär. Şeýle-de kitapda her bir dermanlyk ösümligiň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy, ulanylyşy we ondan derman taýýarlanylyşy baradaky maglumatlar giňişleýin berilýär.

Okyjy dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň türkmençe, latynça, rusça sözlügi, dermanlyk çig mallaryny ýygnamaklygyň senenamasy bilen tanşyp biler. Senenamada ösümlikleriň ady, olaryň köküni, ýapragyny, otuny, gülüni ýada miwesini, şahasyny, gabygyny haýsy aýda ýygnamalydygy görkezilipdir. Saklanyş möhletiniň giňden düşnükli edip beýan edilmegi bolsa, ylmy eseriň täsirliligini artdyrýar.

Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň hakyky ensiklopediýasyna öwrülen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaby soňky ýyllaryň dowamynda diňe bir ýurdumyzyň lukmanlary we derman senagatynyň işgärleri üçin däl, eýsem, dünýäniň köp halklarynyň diline terjime edilmegi arkaly köp sanly daşary ýurtly hünärmenler üçin ähmiýetli gollanma öwrüldi. Milli Liderimiziň düýpli ylmy işiniň dowamy bolan ylmy-ensiklopedik kitabyň täze jildiniň üsti bilen okyjylar etraplaşdyrylan we ýabany ösümlikler bilen ylmy nukdaýnazardan tanşyp bilýär.

Derman ösümlikleri  antiseptik, astringent, gemostatiki we regeneratiw aýratynlyklary bilen agyz boşlugyna täsir edýär. Olar ergin görnüşinde ulanylyp, dürli çişleri aýyrýar, diş etiniň ýagdaýyny kadalaşdyrýar. Agyz boşlugyna oňyn täsir edýän meşhur ösümlikleriň arasynda adaty romaşka, dub gabygy, kalendula we narpyz bar.

Romaşkanyň we narpyzyň düzüminde bakteriýalar we kömelekler ýaly patogen mikroorganizmlere garşy göreşýän efir ýaglary we beýleki maddalar bar. Dub gabygy adaty beloklar bilen baglanyşýan, gyjyndyrmany güýçlendirýän we zeperlerden goraýan taninlere baýdyr. Ondan başga-da onda diş etiniň ganamagyny saklamaga kömek edýän maddalar bar.

Netijede, derman ösümlikleri diş etiniň çişmegine, diş keseline we beýleki kesellere garşy köplenç infuziýa we ergin görnüşinde ulanylýar.

Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen adamyň saglygyny goramak bilen birlikde daşky gurşawyň abadan bolmagy ugrunda geçirilýän çäreler sazlaşykly alnyp barylýar. Täsin tebigatly, dermanlyk ösümliklere baý mekanymyzda halk lukmançylygynda peýdalanylýan ösümlikleri hemmetaraplaýyn öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserleri bolsa, tebigatyň täsin ösümlik dünýäsini öwrenmekde esasy çeşme bolup hyzmat edýär.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaplarynda milli Liderimiz ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary halk lukmançylygynda ulanmagyň usullary barada gymmatly maglumatlary berýär. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendigi hakynda aýdylýar. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk otlaryň endemiki ösümlikler, ýagny dünýäniň hiç bir ýerinde duş gelmeýän ösümliklerdigini hormatly Prezidentimiz aýratyn nygtap geçýär. Kitaplarda hem dermanlyk ösümlikleriň suratlary, häsiýetnamalary, himiki düzümi, saklanylyşy, dermanlyk gory, peýdalanylyşy barada gyzykly, sada, düşnükli edilip gürrüň berilýär, rowaýatlardyr tymsallar, meşhur alymlaryň ylmy işlerinden mysallar getirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu kitabyny ýazmakda örän köp sanly alymlaryň ylmy derňewlerinden peýdalanypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän dermanlyk ösümlikleriň ylmy ensiklopediýasy diňe bir türkmen okyjylarynda däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma döretdi.

Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Hünär baýramy mynasybetli halkara serginiň we ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem giňden bellenilen bu baýramçylyk günlerinde Milli Liderimiziň, lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Täze saglygy goraýyş desgalary bejerijilik, sagaldyş-dikeldiş ähmiýeti boýunça ilat arasynda uly gyzyklanma eýe bolýar.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn! 

Maksat MUHAMMETÝAZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.