BITARAPLYK — ABADAN DURMUŞ ÝÖRELGESI
12-12-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Diýarymyz ösüşlere beslenýär. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy dünýä ýurtlary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge amatly şertleri döredýär.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň ykrar edilmegi möhüm waka boldy. Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk, «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredip başlamagy dünýä bileleşigine işjeň goşulyşyp gitmegine ýardam etdi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji baky Bitarap döwlet hökmünde Ýer ýüzünde tanalýan ata Watanymyz häzirki wagtda parahatçylygyň we abadançylygyň, dost-doganlygyň merkezine öwrüldi.Türkmenistan bitaraplygynyň ilkinji günlerinden başlap döwlet esaslarynyň jebisligini we mäkämligini, amala aşyrýan işleriniň ähmiýetliligini görkezdi. 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Ol sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mäkämleşmegine uly itergi berdi.Taryh haýsy ýurtda parahatçylyk höküm sürse, belent ösüşleriň şol ýurda hemra bolýandygyny subut edip gelýär.
Türkmenistan sanlyja ýylyň içinde dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, abadançylygy saklamaga, ykdysady ösüşiň depginini çaltlandyrmaga gönükdirilen işleriň amala aşyrylmagyna uly goşant goşdy. Ýurdumyz milli Liderimiziň öňdengörüjilikli ýöredýän ynsanperwer syýasaty netijesinde BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň işjeň agzasy hökmünde birnäçe möhüm ähmiýetli resminamalaryň kabul edilmegine mynasyp goşandyny goşdy.
Bitaraplyk ýörelgesi bilen türkmeniň milli durmuş kadalarynyň aňyrsynda halkymyzyň taryhy, däp-dessurlary, ata-babalarymyzyň parahatçylyk baradaky arzuwlary bar. Bitaraplyk ýörelgesi halkymyza asudalykda, agzybirlikde, erkana ýaşamaga, döretmäge, gurmaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge giň mümkinçilikleri açýar.
Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän däp-dessurlaryny, türkmen halkynyň parahatsöýüjilik ýörelgelerini jahana ýaýýar. Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby bu ugurda amal edilen işleriň biridir.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Serwi PIRGELDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.