BILIMLI ÝAŞLAR – WATANYMYZYŇ ÝAGTY GELJEGI

20-04-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýylynda mähriban Diýarymyzda ýaş nesil döwletimiz tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalyp, olaryň hemmetaraplaýyn hem-de sazlaşykly ösmegi, eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagy, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertler döredildi. Ýurdumyzda orta, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň, sport, medeniýet toplumlarynyň häzirki zaman okuw-usuly, sport, tehniki enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap binalary guruldy hem-de gurulýar, öňki hereket edýän bilim edaralarynyň okuw-tehniki binýady berkidilýär. Döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň bilimini, hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek, ylma bolan höweslerini güýçlendirmek, bilim ulgamynda özleşdirilýän hünär ugurlaryny artdyrmak, täze orta, ýörite, ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy, bu ugurda toplumlaýyn maksatnamalaryň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi bilim, ylym ulgamynyň netijeli bolmagyny şertlendirýär.

Häzirki döwürde dünýä ýüzünde intellektual we tehnologik bäsdeşlik barha ýiti häsiýete eýe bolýar. Ösen döwletlerde jemi içerki önümiň ösüşi tehnikada we tehnologiýalarda jemlenen täze bilimleriň hasabyna gazanylýar. Bu bolsa şol ýurtlarda bäsdeşlige ukyplylygyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini görkezýär. Şol sebäpli öz ykdysady kuwwatyny artdyrmak isleýän islendik döwlet öz ylmy-tehniki we intellektual mümkinçiliklerini netijeli ulanmaga çalyşýar. Ýurdumyzyň aň-paýhas mümkinçiliklerini milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini üpjün edýän serişdä öwürmek şu günüň möhüm wezipesidir. Milli ykdysady strategiýamyzda ylma daýanýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolan önümleri öndürmek wezipesine aýratyn orun degişlidir.

Ine, şeýle köptaraplaýyn maksatnamalaýyn çemeleşmeleriň we makro derejedäki çäreleri durmuşa geçirmegiň esasynda milli innowasion ulgam emele gelýär. Jemgyýetiň bäsdeşlige ukyply, ykdysady, intellektual we döredijilik ösüşiniň binýady bolup durýan ýaşlaryň häzirkizaman bilimlerini, täze tehnologiýalary düýpli özleşdirmegi üçin şeýle maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi örän ähmiýetlidir. Gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde has-da ösdürilýär. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi bolsa, okuw-önümçilik işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar.

Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy buýsançly ýagdaýdyr. “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy ýurdumyzda bilim ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde tutuş dünýä ýüzünde bilime durnukly ösüşi üpjün edýän serişde hökmünde garalýar. Ýurdumyzda ýokary hilli bilimiň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi onuň adamyň aňyny ösdürmekde, ahyrky netijede, dünýäni özgertmekde tutýan möhüm orny bilen baglydygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, döwletimiziň ykdysady we goranmak kuwwatyny pugtalandyrmak ugrundaky alyp barýan beýik işleri ýaşlarymyzyň jogapkärçiligini ýokarlandyryp, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Döwlet tarapyndan ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin gönükdirilen çäreler olaryň döwre laýyk ylmy-tehniki açyşlary durmuşa ornaşdyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä bileleşigindäki at-abraýyny ýokarlandyrmaga giň ýollary açýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň okamaklary, öwrenmekleri, döretmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gunça ÇARYÝEWA, 
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiyalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň elektrik üpjünçiligi hünariniň 4-nji ýyl talyby.

166bc5015022ab.jpeg
Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy

Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.


166e33d3052645.jpeg
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili

Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär.


162c7f106b96c2.jpeg
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy

Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.


162cba1ff0af91.jpeg
GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM

Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paý­laýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.


166515eeba8e2c.jpeg
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty

Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. H

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.