BILIMLI ÝAŞLAR – WATANYMYZYŇ ÝAGTY GELJEGI
27-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mähriban Diýarymyzda ýaş nesil döwletimiz tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalyp, olaryň hemmetaraplaýyn hem-de sazlaşykly ösmegi, eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagy, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertler döredildi. Ýurdumyzda orta, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň, sport, medeniýet toplumlarynyň häzirki zaman okuw-usuly, sport, tehniki enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap binalary guruldy hem-de gurulýar, öňki hereket edýän bilim edaralarynyň okuw-tehniki binýady berkidilýär. Döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň bilimini, hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek, ylma bolan höweslerini güýçlendirmek, bilim ulgamynda özleşdirilýän hünär ugurlaryny artdyrmak, täze orta, ýörite, ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy, bu ugurda toplumlaýyn maksatnamalaryň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi bilim, ylym ulgamynyň netijeli bolmagyny şertlendirýär.
Häzirki döwürde dünýä ýüzünde intellektual we tehnologik bäsdeşlik barha ýiti häsiýete eýe bolýar. Ösen döwletlerde jemi içerki önümiň ösüşi tehnikada we tehnologiýalarda jemlenen täze bilimleriň hasabyna gazanylýar. Bu bolsa şol ýurtlarda bäsdeşlige ukyplylygyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini görkezýär. Şol sebäpli öz ykdysady kuwwatyny artdyrmak isleýän islendik döwlet öz ylmy-tehniki we intellektual mümkinçiliklerini netijeli ulanmaga çalyşýar. Ýurdumyzyň aň-paýhas mümkinçiliklerini milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini üpjün edýän serişdä öwürmek şu günüň möhüm wezipesidir. Milli ykdysady strategiýamyzda ylma daýanýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolan önümleri öndürmek wezipesine aýratyn orun degişlidir.
Ine, şeýle köptaraplaýyn maksatnamalaýyn çemeleşmeleriň we makro derejedäki çäreleri durmuşa geçirmegiň esasynda milli innowasion ulgam emele gelýär. Jemgyýetiň bäsdeşlige ukyply, ykdysady, intellektual we döredijilik ösüşiniň binýady bolup durýan ýaşlaryň häzirkizaman bilimlerini, täze tehnologiýalary düýpli özleşdirmegi üçin şeýle maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi örän ähmiýetlidir. Gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde has-da ösdürilýär. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi bolsa, okuw-önümçilik işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar.
Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy buýsançly ýagdaýdyr. “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy ýurdumyzda bilim ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde tutuş dünýä ýüzünde bilime durnukly ösüşi üpjün edýän serişde hökmünde garalýar. Ýurdumyzda ýokary hilli bilimiň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi onuň adamyň aňyny ösdürmekde, ahyrky netijede, dünýäni özgertmekde tutýan möhüm orny bilen baglydygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, döwletimiziň ykdysady we goranmak kuwwatyny pugtalandyrmak ugrundaky alyp barýan beýik işleri ýaşlarymyzyň jogapkärçiligini ýokarlandyryp, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Döwlet tarapyndan ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin gönükdirilen çäreler olaryň döwre laýyk ylmy-tehniki açyşlary durmuşa ornaşdyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä bileleşigindäki at-abraýyny ýokarlandyrmaga giň ýollary açýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň okamaklary, öwrenmekleri, döretmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Merjen DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.