Halkara Weterinar lukmanlarynyň güni

21-04-23

Bu gün iň bir jogapkärçilikli hünärleriň biri bolan Weterinar lukmanlar öz baýramyny belleýärler. Her ýylyň aprel aýynyň soňky şenbesinde dünýä ýurtlarynyň köpüsinde halkara Weterinar lukmanlarynyň güni ( World Veterinary Day) uludan bellenilip geçilýär.

“Weterinar” sözi latyn dilinden göni manyda terjime edilende “Haýwanlary bejermek” ýa-da “Haýwanlary kesellerden halas etmek” manysyny berýär. Weterinar lukmanlarynyň güni Bütindünýä Weterinar Asossiýasiýasy tarapyndan 2000-nji ýylda döredildi. Bu baýram weterinariýa işiniň dürli aspektlerini özünde jemleýän ugurlaryň baýramçylygydyr.

Weterinariýa endikleri has ir ýüze çykypdyr. Bu endikleriň ýüze çykan wagty ilkinji gezek adamlar öý şertlerinde haýwanlary eldekleşdirip başlan wagtyna gabat gelýär. Weterinariýa taryhynyň doglan ýeri Fransiýa hasaplanýar. Ilkinji gezek  XVIII  asyrda Lionda haýwanlary bejerýän  mekdep açyldy, Lýudow XV tarapyndan köp sanly mallary ýok edýän epidemiýalary duruzýan sanjymlar döredildi.

Weterinariýa ýa-da ýönekeý weterinariýa haýwan keselleriniň, şikesleriniň we näsazlyklaryň öňüni almak, diognoz goýmak we bejermek bilen meşgullanýan ylym pudagydyr. Bu ugryň öňünde goýýan esasy maksady haýwanlaryň saglygyny, hal ýagdaýyny şeýle hem adamlaryň saglygyny gowulaşdyrmakdan ybaratdyr.

Weterinariýa bilen meşgullanýan adamlar diňe bir dürli haýwanlarda bejergi geçirmek bilen çäklenmän, eýsem haýwanlaryň ýaýradýan dürli ýokançlaryndan adamlary goramaga gönükdirlen dürli çäreleri işläp düzýärler we durmuşa geçirýärler. Başga-da weterinariýa lukmançylygy bilen baglanyşykly adamlar tebigaty yzygiderli goraýarlar we sanitariýa, weterinariýa standartlarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýärler. Elbetde dürli haýwanlary we guşlary bejerýän weterinarlar olardan minnetdarlyk sözüne garaşmaýar, şeýle-de bolsa käbir haýwanlar öz halasgärleri üçin adamlara garanyňda kiçi bolmadyk minnetdarlygyny duýdurýar.

Häzirki wagtda weterinar lukmanlar weterinariýalarda, weterinariýa stansiýalarynda, haýwanat baglarynda, oba hojalyk kärhanalarynda, umuman haýwanlara lukmançylyk kömeginiň gerek  ýerlerinde işleýärler.

Leýli ÖWEZBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Umumy gigiýena kafedrasynyň mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.