BITARAPLYK TAGLYMATY – PARAHATÇYLYGYŇ GÖZBAŞY

12-12-24

Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr. Bu türkmen döwletiniň, agzybir türkmen halkynyň dünýäniň ýüzünde ýeten belent derejesidir. Hemişelik Bitarap ýurtda ýaşamak, işlemek, döretmek, gurmak uly bagt hem belent mertebedir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy adamzadyň gymmatly ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk ýörelgelerini beýan edýär. Parahatçylykly, hoşniýetli gatnaşyklar hemişelik Bitaraplygyň esasy özeni bolup durýar. Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr.

Hemişelik Bitaraplyk döredýän we gurýan halkymyzyň nurana geljegini has-da berkitmäge, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy rowaçlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny gyşarnyksyz berjaý edýändigini ýene bir gezek tassyklaýar. Ýeri gelende, hemişelik Bitaraplyk düşünjesiniň we ýörelgeleriniň türkmen halkymyzda parasatly pederlerimizden gözbaş alyp gaýdýanlygyny hem belläp geçmek gerek. Çünki halkymyz ýaşaýyş-durmuşyny dolandyranda hemişe ynsanperwer ýörelgelerden, dostlukly gatnaşyklardan ugur alypdyr. Parahatçylyga, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan Bitaraplyk, Garaşsyzlygymyz bilen birlikde halkara gatnaşyklarynda Türkmenistan döwletimize abraý-mertebe, şöhrat-şan getirdi.

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitarap diýlip ykrar edilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzy goramaga ygtybarly binýat bolup hyzmat etdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýasynyň iki gezek kabul edilmegi halkymyzyň kalbynda uly buýsanç döretdi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, ýörelgesine berlen ýokary bahadyr. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan öňdengörüjilikli adyl syýasatynyň netijesinde dünýä giňişliginde Türkmenistanyň at-abraýy barha artýar.

Hemişelik Bitarap we ylalaşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistanyň 29 ýylyň içinde bitiren hyzmatlary onuň abraýyna abraý goşdy. geljek ýylda hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli çäreler geçiriler. Bu bolsa halkymyzyň dünýä halklary bilen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda düşünişip, ylalaşyp ýaşamagyň tarapdarydygyny ýene-de bir gezek aýan etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz parahatçylygyň adamzadyň iň gymmatly baýlygydygyny elmydama nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» syýasatynyň düýp özenini dünýäniň ähli halklaryny asudalykda, abadan durmuşda ýaşatmak ýörelgesi tutýar. Çünki parahatçylyk mydama dostlukdan, bireg-birege sylag-hormatdan, ynamdan başlanýar.

Goý, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäniň ähli künjeklerinde parahatçylygyň müdimilik berkarar bolmagyna ýardam etsin! Ýer ýüzünde parahatçylygyň, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryň hemişe höküm sürmegi üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Dinara IŞJANOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.