ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERIŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDA GEÇIRILÝÄN INTERNET BÄSLEŞIKLER
20-04-23
Häzirki zaman bilim giňişligi iň täze programma üpjünçiligi multimediýaly grafiki paketleri we toplumlary bilen dolduryldy. Islendik inženeriň hünär taýýarlygy ulgamynda grafiki okuw, hünärmeniň inžener-tehniki bilim derejesini kesgitleýän möhüm orny eýeleýär. Mundan başga-da, häzirki zaman önümçiliginiň konstruktorly-tehnologiki innowasiýalaryna uýgunlaşdyrylan grafiki medeniýetiň, tehniki pikirlenmegiň täze görnüşini döretmek zerur bolup durýar. Häzirki zaman tehnika döredilende onuň taslamak döwründe diňe geometriki modelirlemek bilen çäklenmeýär. Taslanan desganyň giňişleýin inženerçilik derňewi bolmazdan, bäsdeşlik önümlerini öndürmek mümkin däl.
Obýektleri modellemekde kompýuter grafikasynyň serişdelerini peýdalanmagyň birnäçe artykmaçlyklary bardyr: ýönekeýlik, köp planlyk, ýerine ýetiriliş tizligi, taýýarlanýan modelleri çeýe üýtgetmek ukyby. Şeýle modelirlemägiň aýdyňlygy onyň beýleki usullara görä artykmaçlygyny görkezýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň köp ýokary okuw jaýlary materialy özleşdirmegiň hilini ýokarlandyrmaga goşant goşýan maglumat tehnologiýasyny ornaşdyrmak bilen okuw meýilnamalaryny taýýarlaýarlar.
Kompýuter grafikasy ýaly dersde talyplara AutoCAD, KOMPAS-3D, Autodesk Inventor, Solid Works ýaly programmalarda işlemegi öwredilýär.
Häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň ösmegi bilen dünýäde hem-de ýurdumyzda Elektronika we awtomatika babatynda ylmy-barlag hem-de tejribe işlerini ýerine ýetirmek, elektrotehnikanyň esasy kanunlaryny, elektrik zynjyrlarynyň grafiki şekillendirilişini we üpjünçilik shemalaryny, ölçeg, gözegçilik we gorag enjamlaryny, elektrik enjamlarynyň işleýişiniň we energiýasyny tygşytlamagyň düzgünlerini, elektromagnit zynjyrlaryny ýygnamak, derňemek, olaryň parametrlerini hasaplamak, elementleriň ýerine ýetirýän işlerini, shemalaryň okalşyny hem-de elementleriň işleýiş yzygiderligini kesgitlemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Zehinli talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek, olary ylmy gözleglere ugrukdyrmak, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, döwlet hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak, bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça V internet we Elektronika we awtomatika boýunça I internet ders bäsleşikleri geçirilýär. Bäsleşigiň geçirilmegi ýurdumyzyň önümçiligine ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalary we sanly ulgamy ýokary derejede özleşdirmäge ukyply zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berer. Bäsleşik talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär. Bäsleşigiň geçirilýän möhletleri we ýumuşlary institutyň www.tohi.nesil.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar. Basleşigiň ýumuşlary institutyň www.tohi.nesil.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýular. Basleşigiň geçişine “Google Meet” programmasy arkaly gözegçilik alnyp barlar.
Gyzylgül ÖWEZMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.