BITARAPLYK — BAKY BAGTYMYZ
12-12-24
Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryny yzygiderli giňeltmegi, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegi uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda köpsanly halkara derejesindäki çäreler yzygiderli geçirilip durulýar.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Gazanylýan üstünlikleriň aňyrsynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň öz halkynyň asuda, abadan ýaşamagy, ýurdumyzyň abraýynyň mundan beýläk-de artmagy, dünýäde we sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi üçin amala aşyrýan işleriniň, tagallalarynyň oňyn netijeleri dur. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan dünýäde möhüm meseleleriň çözülmegine netijeli çemeleşýän, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýän döwlet hökmünde tanalýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda geçirilýän iri halkara çäreleri ýurdumyzyň abraýynyň has-da beýgelmegine ýardam berýär. Hut şoňa görä-de,bu günki gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitarap döwletimiz sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamany kabul etdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa Milletler Bileleşigi ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy baradaky Kararnamany ýene-de bir gezek tassyklady.
Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklibi esasynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmegi Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy,howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan mynasyp goşandynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerine birnäçe gezek wise-başlyklyga saýlanmagy,mertebesi belent Prezidentimize dünýäniň ençeme döwletleriniň, abraýly halkara guramalarynyň ýokary sylaglarynyň gowşurylmagy, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlarynyň uly gyzyklanma döretmegi, köpsanly daşary ýurtlaryň biziň döwletimiz bilen gatnaşyklaryny ýola goýmagy aýdanlarymyzyň üstüni ýetirýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we başga-da köpsanly iri halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi, şeýle-de Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işleýändigi hem munuň subutnamasydyr.
Hawa, hemişelik Bitaraplyk biziň içeri we daşary syýasatymyzyň binýatlyk esasyny düzýär, parahatçylyga, ösüşe gönükdirilen taslamalarymyzy, özgertmelerimizi beýik maksada — Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirýär. Goý, halkymyzy bagtyýar geljege alyp barýan belent mertebeli Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýjeren HALMURADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.