Döwrebap tehnologiýlaryň ähmiýeti
21-04-23

Ylym-bilim uçar ganata deňelýär. Halkymyz ir döwürlerden bäri ylym-bilimliligi döwletlilik saýypdyr. Hut şonuň üçin hem pederlerimiziň ylym-bilimde, edebiýatda goýan yzlary häli-häzirem dünýä ýalkym saçýar.
Magtymguly atamyzyň: «Ylym-taglym alan seni unutmaz, Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy» diýmeginiň aňyrsynda-da uly many bar. Munuň özi diňe bir ylym-taglym beren ussada däl, şol baýlygy bagyş eden topraga-da hormatyň uly bolmalydygyny görkezýär. Abu Nasr Farabynyň: «Ýurtda alymlaryň köpelmegi ylmyň ösmegine getirer. Ylmyň ösmegi bolsa ýurduň abraýynyň zyýada bolmagyna we raýatlaryň ýaşaýşynyň has gowulaşmagyna getirer. Ylym hakynda ýa-da ylmyň adyndan gürleýän adam päk göwünli, terbiýeli, erjel we ylmy söýýän adam bolmalydyr» diýen sözlerinde halkymyzyň asyrlar içre geçen şöhratly ýolunyň keşbi görünýär.
Ylym-bilim halkyň geljeginiň ösüşlere beslenmegini kepillendirýän güýçdür. Ýaş nesiller biziň şol güýjüň eýesi bolmagymyz ýurdumyzyň geljeginiň kuwwatlylygynyň kepilidir. Hut şonuň üçin-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ösüş-özgerişlikleriň depgininiň artjagyna ählimiz ynanýarys.
Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi onuň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy şertidir. Ilatyň aň-paýhas mümkinçilikleriniň artdyrylmagy ýurduň ähli babatda ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Ylmyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm orny eýeleýändigi üçin ýurdumyzda ýokary hünärli ylmy işgärleriň, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary çalt depginde özgerýän jemgyýetiň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Milli ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegini çaltlandyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi we üstünlikli amala aşyrylmagy raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek we täzeçil maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Bu ugur boýunça ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna ýörite sapaklaryň girizilmegi, zerur maddy-tehniki binýadyň üpjün edilmegi sanly ulgamyň ösüşinde uly orna eýedir. Häzirki döwürde bilim ulgamyny ösdürmek bilimiň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga, döwrüň häzirki talaplaryna, innowasion ykdysadyýeti ösdürmegiň zerurlyklaryna laýyklykda, bilimiň ähli derejelerinde hünärmenleri taýýarlamaga, şeýle hem zähmet bazaryny ýokary hünär derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge gönükdirilen netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Ýaşlaryň döwrebap derejede bilim alyp, ylymda we döredijilikde täze üstünliklere ýetmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Taýýarlan Gadyr BERDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyby.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.