Doňdurma – lezzetli önüm

22-04-23

Doňdurma ýa buzgaýmak – bu süýt önümine biperwaý garaýan adamlaryň arasynda az adam bar. Häzirki wagtda doňdurmanyň köp görnüşi bar – dünýäde iň elýeterli we gözlenýän desertleriň biri bu doňdurmadyr

1786-njy ýylyň 10-njy iýunynda ABŞ-da doňdurma köpçülikleýin satylyp başlandy diýlip hasaplanylýar. Elbetde, doňdurmanyň önüm hökmünde sarp edilmegi taryhy gadymy döwürlere degişlidir.  Takmynan 4000 ýyl ozal Hytaýda buz, gar we miwe bölekleriniň garyndysyndan ýakymly tagamlar ýasapdyrlar.  Soň bolsa, berk ynam bilen saklanýan süýt bilen buzy garyşdyrmak üçin resept peýda boldy.  Gadymy Ysraýylda-da, Gresiýada-da özüne çekiji desertleri ýasadylar.  Olar indi doňdurylan şire diýilýän zada meňzeýärdi.

Ýewropada doňdurylan süýdüň resepti diňe XIV asyrda, görnüşine görä Italiýada peýda boldy.  Fransiýada bu resept XVI asyrda peýda boldy we süýt esasly doňdurma şol ýerde ilkinji gezek döredi.  XVIII asyrda “Doňdurma” ady Fransiýada ýüze  çykypdyr (ýüze çykan ýerine görä – Plombier-les-Bemes).  Bu ýerde, XIX asyrda diňe bir doňdurma däl, eýsem onuň gaplanan doňdurma we beýleki görnüşleride giňden ýaýrady. Doňdurmany hasda kämilleşdirip  şokolad bilen garyndyly we başgada önümler bilen baýlaşdyrylan görnüşlerini oýlap tapdylar. Amerikaly Kristian Nelson bu oýlap tapyşyna “Eskimo pirogy” (eskimo pirogy) diýip at berildi.Şeýle-de şol döwürde wafli käseler dörändigi aýratyn bellenilýär.

Dünýädäki iň gymmat buzgaýmak  Nýu-Ýork şäherindäki restoranlaryň birinde satylýar. Bu buzgaýmagyň düzümine iýmek üçin niýetlenen altyn goşulýar.Bahasy 25müň amerikan dollaryna barabardyr.

Taýýarlan Işanberdi SEÝITNYÝAZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 2-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.