DERS BÄSLEŞIGI GEÇIRILÝÄR
24-04-23
“Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, zehinli talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek, olary ylmy gözleglere ugrukdyrmak, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, döwlet hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak, bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2023-nji ýylyň 26-28-nji aprelinde Türkmen oba hojalyk institutynyň gurnamgynda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça 5-nji internet ders bäsleşigini we Elektronika we awtomatika boýunça 1-nji internet ders bäsleşigi geçirilýär.
Bäsleşik talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak, talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek maksady bilen geçirilýär.
Ders bäsleşikleri boýunça Düzgünnama işlenip düzüldi we bu düzgünnama www.tohi.edu.tm internet sahypasynda ýerleşdirilen.
Bäsleşigiň birinji we ikinji günlerinde Inžener we kompýuter grafikasy boýunça 5-nji internet ders bäsleşigi geçirilip, 26-njy aprelde Inžener grafikasy boýunça elde ýumuşy ýerine ýetirmek arkaly geçirilýär we bäsleşige berilýän wagt 180 minut. 27-nji aprelde Kompýuter grafikasy boýunça sanly grafiki programmalarynda gurnaýyş çyzgysy esasynda talyplar birnäçe detallardan ybarat bolan önümiň 3 ölçegli modelini taýýarlarlar. Bäsleşige berilýän wagt 180 minut.
Bäsleşigiň üçinji güninde Elektronika we awtomatika boýunça 1-nji internet ders bäsleşigi geçirilip, 28-nji aprelde bäsleşige gatnaşýan talyplar 40 sany test soragdan we 10 sany meseleden ybarat bolan ýumuşy özbaşdak işlemeli. Bäsleşige berilýän wagt 120 minut.
Bäsleşigiň ýeňijileri ýumuşyň ýerine ýetiriliş derejesine baglylykda toplanan ballaryň jemi boýunça hem-de test soraglaryndan gazanan ballarynyň netijeleri boýunça kesgitlenilýär. Ýeňiji bolan talyplara diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşyrylýar.
Guwanç ÖRÄÝEW,
Türkmen Oba hojalyk institutynyň Amaly mehanika kafedrasyň müdiri.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.