Hurmanyň peýdaly aýratynlyklary
24-04-23
Açyk mämişi reňkli hurmada göz üçin peýdaly bolan beta-karotini bilen A witamini aşa köp mukdarda bar. Bu önüm ýürek kesellerini we gipertoniýany bejermeklikde nepli bolan magniý bilen kaliý-de örän baýdyr. Hurmada demiriň köp bolmaklygy ony ganazlygyň ajaýyp bejeriş serişdesine öwürýär. Şeýle hem bu miwäniň düzüminde C witamini bar. Hut şu nukdaýnazardan-da, hurma bu witamine baý sitrus miwelerinden tapawutlylykda aşgazanyň diwarlaryna oňyn täsir edýär.
Tiroid beziniň käbir kesellerinden ejir çekýänler üçin düzüminde ýod köp bolan hurmany ulanmaklyk örän peýdalydyr. Hurmadaky "B" witaminlerini şokolad bilen deň derejede goýýarlar. Sebäbi bu önümdäki "B" witaminleri şokolad ýaly serotoniniň öndürilmegine we möwsümleýin durgunlyklyga, umuman erbet keýpiň bejergisine goşant goşýar. Hurmadaky C we PP witaminleri damarlaryň we kapilýarlaryň diwarlaryny berkitmäge kömek edýär. Bu miwe bedende holesteriniň derejesini hem sazlap bilýär.
Guradylan hurma önüminiň içegäniň bozulmalaryny we içgeçmäni bejermeklikde – gipertoniýany bejermeklikde we onuň öňüni almaklykda diýseň uly peýdasy bardyr. Hytaýda we Ýaponiýada gadymy döwürlerde hurma bilen garamükür keseli bejerilýärdi.
Adaty lukmançylyk hem hurma miwesinden sowa geçmeýär. Lukmançylyk pudagynda, hurmadan alnan taninleri operasiýadan soň derini bejermeklik we gemorroýa garşy çözgütleri öndürmeklik üçin ulanýarlar. Hurma tohumy bolsa işjeňleşdirilen uglerod önümçiliginde ulanylýar we bu miweden alynýan ekstraktlar iýmit goşundylaryny güýçlendirýär. Hurma çalt horlanmaklyk üçin mono-dietanyň düzüm bölegi hökmünde ulanylýar.
Taýýarlan Agajuma GURDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.