Peýdaly önümler
24-04-23
Kädi. Kädiniň esasy artykmaçlygy düzüminde minerallaryň köp saklanmagydyr: kaliý, kalsiý, magniý, mis, fosfor we demir. Kädide köp mukdarda witamin bar: esasanda, E, B witaminler topary. Süýümiň köp bolmagy sebäpli, kädi içegäniň işjeňligini gowulandyrýar. Kädide käşirden birnäçe esse köp mukdarda karotin bar we bu gyzyl-mämişi pigmentiň kömegi bilen ol sary reňkde bolýar. Kädide sink köp, tohumlarynda gymmatly ösümlik ýaglary bar.
Käşir. Käşirde adam bedeninde retinola (A witamini) öwrülen we wirus we bakteriýa keselleriniň öňüni almaga kömek edýän ajaýyp antioksidant bolup, köp mukdarda karotin bar. Ylmy gözleglerde, gaýnadylan käşiriň çig görnüşidäkiden has köp antioksidant häsiýetiniň bardygyny subut etdi. Bişirilende antioksidant derejesi takmynan 34 göterim ýokarlanýar. Käşirde C, B, E witaminleri we minerallar köp: kaliý, fosfor, demir, mis, ýod, sink. Ter görnüşli käşirde köp sanly içki organlaryň we adam bedeniniň ulgamlarynyň kadaly işlemegi üçin zerur peýdaly maddalar bar. Mundan başga-da, şugundyr ol bedene girýän maddalar beloklaryň siňmegini we gemoglobiniň ganda daşalmagyny gowulandyrýar. Köki miweli ekinileriň hemmesinde diýen ýaly tebigy antioksidantlar köp.
Sogan we sarymsak. Bu gök önümleriň ýiti ysy, güýçli wirusa garşy we antibakterial täsiri bolan işjeň maddalaryň bardygyny görkezýär. Düzümindäki, E witaminleriniň barlygy sebäpli organiki kislotalar, minerallar we efir ýaglary, sogan we sarymsagyň wirus we sowuklamalaryň öňüni almakda we bejermekde örän peýdaly gök önümdigini ýene bir gezek ýadyňa salýar. Bularyň düzümindäki C witamini gyjyndyrmalardan goraýar. Şeýle-de bulardaky sink, demir we B witamini gemoglobini köpeldýär we bedeniň tebigy baýlyklaryny işjeňleşdirýär.
Ajy burç. Bu gök önümiň düzümindäki kapsaisin gan aýlanyşyny işjeňleşdirýär, tüýküligi herekete getirýär, kislorody öýkenden çykarylmagyny aňsatlaşdyrýar, göni antibakterial we wirusa garşy täsir edýär. Bu gök önüm bokurdagyň çişmegini we burun dykylmagyny hem aýyryp bilýändir.
Taýýarlan Wepa HAŞŞYROW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.