BITARAPLYK TAGLYMATY— ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY

08-12-25

Parahatçylyk ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, agzybirlige sarpa goýmak, birek-birege ýardam bermek biziň milli ýörelgelerimizden gözbaş alýar. Şu ýol-ýörelge bilen nesil terbiýeleýän halkymyz bu gün hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň nurana şuglasyny dünýä ýüzüne ýaýýar. 

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de giň goldawa eýe bolýar. Baky Bitarap Türkmenistanyň oňyn tekliplerinden ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde abadan durmuşyň dabaralanmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de oňyn başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmegi öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolan Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli “Açyk gapylar” syýasaty özara bähbitli gatnaşyklara gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmäge şertleri döredýär. Paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolan Türkmenistan bilen BMG-niň döredijilikli hem oňyn hyzmatdaşlygynyň barha gülläp ösýändiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak işinde Türkmenistan abraýly halkara guramalary, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy, onuň düzüm bölekleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Watanymyz dünýä döwletleri bilen sazlaşykly gatnaşykda bolmagyň oňyn tejribesine eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz dürli ýurtlaryň halklarynyň ýakynlaşmagy, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş edýär, halkara giňişliginde möhüm başlangyçlary öňe sürýär, Türkmenistanyň özüniň oňyn daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly, netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belleýär. Ýurdumyz bu daşary syýasat ugry bilen dünýä giňişliginde ynamdar, ygrarly, özara hyzmatdaşlykda netijeli hyzmatdaş, umumadamzat meselelerini çözmekde netijeli başlangyçlary öňe sürýän tarap hökmünde uly abraýa mynasyp boldy.

Bu ýörelge halkymyzyň milli häsiýetinde, däp-dessurlarynda bütin aýdyňlygy bilen şöhlelenýär. Islendik gapma-garşylyklary çözmegiň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdelerini ulanmagyň tarapdary hökmünde çykyş edýän hemişelik Bitarap ýurdumyz köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmek, sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak, medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmek arkaly häzirki zamanyň wajyp wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolup, Garaşsyz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşa ýetmegine giň ýol açdy. Parahatsöýüjilik, asudalygy goramak, hoşniýetli goňşuçylyk türkmene, onuň aňyna, paýhasyna we kalbyna mahsus gymmatlykdyr.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Jumagül AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.