DEMIRGAZYK SEBITDE JOŞGUNLY ZÄHMET MÖWÇ ALÝAR

30-11-21

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary boýunça ýaýbaňlandyrylýan ösüşleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň ulaglar düzümini düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy dowam etdirilýär.

Türk­me­nis­tan öz geog­ra­fi­ki ýer­le­şi­şi bo­ýun­ça Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa yk­lym­la­ry­ny bir­leş­dir­ýän ulag çatrygy bol­mak bi­len, se­bit­de dost­luk­ly, öza­ra bäh­bit­li hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň mer­ke­zi­ne öwrülmäge doly mümkinçiligi bar. Bu mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalary amala aşyrylýar. Bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň binýadynda kuwwatly üstaşyr merkezi döretmek milli Liderimiziň baş aladalarynyň birine öwrüldi. Ýurdumy­zyň ulaglar inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň esasy we bar­ha kämil­leş­ýän ulgamlary­nyň bi­ri hem demir ýol ulaglary pudagy mil­li ykdysa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuwwatlanma­gy­na uly ýar­dam ed­ýär.

“Türkmendemirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 1-nji şahamçasynyň Daşoguz ýük ýükleýiş-düşüriş bölüminiň agzybir işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň halk üçin edýän gije-güdizki aladalaryny goldap tutanýerli zähmet çekýärler. Bölümiň umumy tutýan meýdany 20 gektara golaý bulup, 2 sany howla bölünýär. 17,6 gektarlyk uly howluda 5 sany demir ýol şahasy gije-gündiziň dowamynda hereket edip, ýükleri kabul etmek, düşürmek hem-de ýüklemek hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Edara binalaryny hem öz içinde saklaýan howlynyň çäginde ýükleri saklamak üçin 4000 inedördül metrlik  2 sany ýörite ammarlar halka hyzmat edýär.

Şeýle hem, bu howluda birnäçe görnüşli awtogöterijiler, kranlar we awtokarlar işgärleriň işiniň tiz we amatly ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär. Howlunyň çägindäki demir ýol şahalary dürli görnüşli ýükleri kabul etmek, ýüklemek hem-de düşürmek üçin niýetlenen bolup, olardan 25 belgili demir ýol şahasynda açyk, ýarym açyk wagonlarda agaç önümleri, demir-beton önümleri, taýýar demir önümleri kran bilen ýüklemek-düşürmek üçin niýetlenendir. 26 belgili demir ýol şahasynda ýapyk wagonlardaky gelýän ýükleri hem-de wagonlara konteýneri ýüklemek-düşürmek üçin kran hyzmatlary ýola goýlandyr. 26 “a” belgili demir ýol şahasy howla gelýän gaplanan ýükleri, hojalyk harytlary, haltaly ýükler we ş.m. awtokar bilen ýüklemek düşürmek hem-de ýükleri ammarlarda saklamak üçin niýetlenendir. 27 belgili ýöriteleşdirilen göterilen demir ýol şahasynda inert önümleri, ýagny çagyl, ýuwulan çäge, gum-çäge, sement we ş.m. önümler kabu edilýär, düşürilýär hem-de peýdalanyjylara ugradylýar. 27 “a” belgili demir ýol şahasynda ýöriteleşdirilen wagonlarda gelýän däneli önümleri düşürmek üçin niýetlenen çekiji elektrodwigatelli mehanizasiýalaşdyrylan enjamlar gurnalandyr. Bu demir ýol şahalarynda ýükler ýüklenilende hem-de düşürilende kran, awtokar, ekskowator, ýük galdyryjy enjamlar we el güýji ulanylýar. Meýdany 2,13 gektara barabar bolan 2-nji howlynyň çäginde ýerleşýän demir ýol şahasynda hem sebitiň halk hojalygyna degişli ýükler, şol sanda inert önümleri, hojalyk harytlary kabul edilýär, düşürilýär hem-de ýüklenilýär. Ýükler ýüklenilende düşürilende ekskowator, ýük galdyryjy enjamlar we el güýji ulanylýar.

Ýük howlularynyň işgärleriniň arasynda has göreldeli işläp, zähmet borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirýän demirýol işgärleriniň onlarçasy zähmet çekýär. Olardan hasapçy N. Arazgeldiýewany, ýük göteriji R. Sadullaýewi, sürüji P. Gylyjow dagylary aýratyn belläp geçmek bolar. Ýük howlularynyň tejribeli demir ýol işgärleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňde goýan ägirt uly wezipelerini üstünlikli çözmäge saldamly goşant goşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň gurup beren bagtyýarlyk eýýamynda geçien şöhratly ýola nazar aýlap, bitirilen beýik işlere, ýetirilen belent sepgitlere, gazanylan üstünliklere her birimiz guwanmalydyrys. Hormatly Prezidentimiziň bagtyýar raýatlarymyzyň mynasyp eşretli durmuşy üçin alyp barýan atalyk aladalary zahmetsöýer demir ýol işgärlerini guwandyrýar hem buýsandyrýar. Şeýle eşretli zamanany peşgeş berendigi üçin milli Liderimize minnetdarlygymyzyň çägi ýok. Dünýä ýüzündäki abraýymyzyň has-da ýokary göterilmeginde bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy has hem belent bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!

Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.

16af3febb6d4a9.jpg
Sanly tehnologiýalar we döwrebap ulag-logistika – ýollaryň akylly ulgama öwrülişi

Ulag-logistika pudagy häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň iň çalt ösýän we tehnologik taýdan özgerýän ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda kabul edilýän çözgütler diňe bir ýük daşamalaryň tizligini we netijeliligini ýokarlandyrmaga däl, eýsem, üpjünçilik zynjyrlarynyň ygtybarlylygyny, açyklygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýollar, ulag serişdeleri we sanly tehnologiýalar bitewi ulgam hökmünde özara baglanyşykda hereket edýär.


16af3f90b4bdab.jpg
Hazar deňzi arkaly konteýner daşamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagy bes etdi

Hazar deňzi arkaly konteýner daşamalarynyň nyrhlary ýylyň başyndan bäri ýokarlanandygyna garamazdan, oktýabr aýynda durnuklaşdy. Bahalaryň ozal ýokarlanmagyna Ýakyn Gündogardaky durnuksyz ýagdaýlaryň täsiri sebäpli Hytaýdan Ýewropa alternatiw deňiz ugurlary arkaly konteýner iberilişinde bökdençlikleriň ýüze çykmak ähtimallygy baradaky aladalar hem sebäp bolupdy.


16af3f69a329ac.jpg
Türkmenistan bilen Hytaýyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy şu ýylyň 9 aýynda $8 milliarda golaýlady

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda 7 milliard 917 million 337 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük gullugy habar berýär.


16af3f394c6a9b.jpg
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa

Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ugur aýdyň şöhlelendi. Bu ugur halkara bileleşik bilen netijeli dialogy ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Watanymyzyň durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmegine hem-de parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir.


16af33ec561900.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly maslahatyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly maslahatynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.