Jana melhem çaý
26-04-23
Gök çaý adam bedeniniň ähli ulgamlaryna we beden agzalaryna oňaýly täsir edýär. Ol immun ulgamynyň işjeňligini artdyrýar, aşa semizlik bilen göreşmäge kömek edýär, ýürek-damar, böwrek keselleriniň öňüni alýar.
- Gök çaý beýni damarlarynyň gysylmagyny aradan aýyrýar, nerw dartgynlylygyny gowşatmaga ýardam edýär.
- Süýtli gara çaýa azrak gara burç bilen bal garyp içseňiz, ol dümewden açylmagyňyza kömek eder.
- Demini alan sowuk çaý bilen ýüzüňizi ýuwsaňyz, ýüzüňiz nurlanar.
- Gury çaýy mazaly owradyp, ezip, ony ýanan ýeriňize ýapsaňyz, ýarany tiz bitirýär.
- Ulag çaýkanda ýa-da başga bir zat sebäp bolup ýürek bulananda gury çaý çeýnelse, haýry deger.
- Mylaýym çaýa öllenen pamygy gabaklaryňyza goýsaňyz, wagtyndan öň ýygyrt atmagynyň öňüni alar.
- Ajy çaý bitmeýän ýaralara oňat täsir edýär. Munuň üçin arassa hasany ýyly çaýa ölläp, ýara
- Ajy çaýyň yzygiderli içilmegi aşgazandaky we on iki barmak içegedäki ýaralaryň bitmegine hem kömek edýär.
Unutmaň! Dermanlary diňe suw bilen içmelidir. Çünki derman çaý bilen içilende, ol eremeýän birleşmeleri emele getirýär-de, aşgazanda çöküp galýar.
Taýýarlan Aýnur SOPYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.