HEMIŞELIK BITARAPLYK – ÖSÜŞIŇ GIREWI
12-12-24
Hemişelik Bitaraplyk eziz mekanymyza dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmaga mümkinçilik berdi. Bu hukuk ýagdaýy häzirki wagtda dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda özara gatnaşyklary ýola goýmakda ähmiýetli orna eýedir. Häzir Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň 150-ä golaý döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.
Hususan-da, hemişelik Bitaraplygyň türkmen nusgasy BMG-niň belent maksatlaryna laýyk gelip, sebitde halkara parahatçylyk döredijilik tagallalaryny utgaşdyrmakda netijeli gurala öwrülýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň birnäçe gezek BMG-niň abraýly edaralaryna we düzümlerine — ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika boýunça komitetiniň Býurosynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine saýlanylmagy aýdyň görkezýär.
Häzirki wagtda hemişelik Bitarap Türkmenistan Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň möhüm iki düzümine: 2021 — 2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna we 2021 — 2024-nji ýyllar üçin BMG-niň Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasyna, 2020 — 2024-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna, 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine, 2020 — 2023-nji ýyllar üçin BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasyna, 2019 — 2021-nji ýyllar üçin Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň içeri ulag boýunça Komitetiniň edarasyna agzalyk edýär. Ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise-başlyklygyna alty gezek saýlanyldy. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem möhüm waka bolup durýar. Gurama agza ýurtlaryň köpüsiniň bu başlangyjymyzy goldamagy biziň üçin uly abraýdyr.
Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň belent münberinden öňe süren oňyn başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylmagy esasynda «Energetika serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty», «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Rezolýusiýalaryň we birnäçe beýleki resminamalaryň kabul edilmegi hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatymyzyň barha dabaralanýandygyny görkezdi.
Döwlet Baştutanymyzyň parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlary barha rowaçlanýar. Şeýle işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny, Diýarymyzyň halkara abraýynyň barha belende galmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Muýassar TÄJIBAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.