Güller barada
26-04-23
Kimdir birinden doglan güni, ýa-da baýramçylyklar mynasybetli gül çemenlerini sowgat almak islendik adam üçin hem ýakymlydyr. Adamlar güle gözelligiň çeşmesi, köňülleri şatlandyrmagyň esasy serişdesi, birek-birege hormat goýmagyň nyşany hökmünde uly ähmiýet berýärler.
Rowaýatda aýdylyşyna görä, aždarha adamlara, ýere ýylylyk, ýagtylyk paýlaýan Güni ogurlmak üçin al-asmana galypdyr. Ýöne Güne penjesini urandan, ýiti gyzgyn ony ýakyp-ýandyryp başlapdyr. Gahary gelen aždarha Güni depgiläp başlapdyr. Şonda Gün nury seçilip, ýagty şöhleler ýere gaçypdyr we güle öwrülipdir.
Gündogar ýurtlarynyň köpüsinde ir döwürlerden bäri gülüň hormatyna bellenilip geçilýän baýramçylyklar biziň günlerimizde hem ýörgünlidir. Öňki döwürlerde şol gün hökümdaryň köşgünde gülden taýýarlanylan şireler içilip, gül ekilen ýerlere seýil edilipdir. Dabaranyň dowamynda güle bagyşlanan goşgudyr aýdymlar aýdylyp, sazlar çalnypdyr.
Adamlar şol gün ýolnan gülüň jadyly güýjüne ynanypdyrlar. Gülleriň dürli görnüşleriniň sazlaşygy, reňkleriň öwüşgini, boglan owadan çemeler göreni haýrana goýupdyr. Hemmeler özlerini boýdan-başa gül bilen bezäpdirler. Çagalar güllerden her hili şekilleri ýasapdyrlar. Baýramçylyk bellenýän wagty adamlar gül ýapragyndan taýýarlanan içigini owurtlap, biri-birlerine ýagşy arzuw-dilegler edipdirler.
Ösümlikler dünýäsiniň wekili bolan gözel görnüşli güller geň-enaýy görki, daş-töwerege bark urýan hoşboý ysy bilen ähli döwürlerde-de adamlaryň şähdini açypdyr.
Gadymy Gündogar ýurtlarynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde mermer hem-de küýzegärçilik önümlerinde , binalaryň diwarlarynda, gap-gaçlaryň ýüzünde hatda teňňelerde gülleriň suraty çekilen taryhy gymmatlyklar tapylypdyr.
Şahyrlaryň şygyrlarynda gyzlaryň görgüniň güle deňelmegi hem ata-babalarymyz tebigatyň döreden ajaýyp gözelligine uly ähmiýet berendigine güwä geçýär.
Güller adamlaryň daşky gurşawyna täsir edýärler. Olar çemen taýýarlamak üçin kesilip aýrylanda özündäki güýji daş-töweregine geçirýärler. Gül bilen adamlary bejermek sungaty Günorta-Gündogar Aziýada döräpdir. Gündogar lukmanlary gülleriň üsti bilen tolgundyryjy wakalary aýryp, agyr netijelerden dynyp boljakdygyna düşünipdirler. Güller adamyň gowşan synasyny dikeldýär. Ir döwürde tebipler güli gunçalygyna ýolup, näsagyň gözüniň görüp duran ýerinde goýupdyrlar.
Adamlaryň gunçanyň açylyşyny görüp ýagdaýy gowulaşypdyr. Kämahal lukmanlar dürli reňkli güllerden çemen bogupdyrlar. Olar syrkawyň nähili reňkli güli saýlandygyna seredip, keselini anyklapdyrlar. Eger näsag ak güli saýlap alan bolsa, onuň sagalyp başlanlygyny, sary, gyzyl gülleri saýlan bolsa öňküsinden oňatlaşmadygyny kesgitläpdirler. Ruhyýetiň gözelligi sagdynlygyň gözbaşy. Şonuň üçinem adamlaryň edýän pikirleri hem onuň saglygyna täsir edýär.
Taýýarlan Maral AÇYLOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.