Saglyk baş baýlygymyz
26-04-23
Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürüp, halkymyzyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy hakynda uly alada edýär. Halkymyz sagdyn bedenli, päk ahlakly nesilleri terbiýeläp, ýetişdirmäge uly ähmiýet berýär.
Paýhasly ata-babalarymyzyň «Görk agyzdan» diýip aýdyşy ýaly, kadaly iýmitlenmegiň hem sagdyn ýaşamaga uly ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiz ak bazarlarymyzy ýylyň hemme paslynda ýokumlara baý önümlerden doly bolmagy üçin eden aladalaryny bu günki gün lezzetini görýäris. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli kitabyny ýankitap etmekde hem saglygymyz barada köp zatlary bilýäris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýylynda uly üstünlikler gazanylýar.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda-da il-günümiz abadan, asuda, saglyk bilen geljege ynamly gadam urýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde Garaşsyz Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşli ýoly rowaçlanyp, halkymyz bagtyýar zamanada ýaşaýar. Geçmişde dana pederlerimiz nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdirler. Röwşen geljegi nazarlaýan bu iňňän derwaýys mesele dogrusynda Milli Liderimiz, hormatly Prezidentimiz hem ýadawsyz alada edýär.
Oba-kentlerde, etrap-şäherlerde, welaýat merkezlerinde sport mekdeplerini, merkezlerini, toplumlaryny açylyp berildi. Bu bolsa ýaşlaryň wagtlaryny bihuda geçirmezligine uly ýardam berýär. Diýarymyzda bellenilýän milli baýramçylyklarymyzda sportuň, bedenterbiýäniň dürli görnüşleri baýramçylyk meýdanlaryny bezeýär. Sportuň dürli görnüşlerinden mekdeplerde, edara-kärhanalarda bäsleşikler geçirilip durulýar. Şeýle türgenleşikleriň ýola goýulmagy okuwçylaryň, talyplaryň, işgärleriň sagdyn bedenli, ruhubelent, gujur-gaýratly bolmaklaryna ýardam edýär.
Taýýarlan Selbi HAITOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.