Durnukly ösüş ulag-aragatnaşyk ulgamynyň esasy ugrudyr
06-12-21
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 3-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew bu barada hasabatynda aýtdy.
Milli ykdysadyýetimiziň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda ulag-aragatnaşyk boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we önüm öndürmegiň meýilnamasy 109,2 göterim berjaý edildi.
“Türkmendemirýollary” agentliginde ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 110,1 göterime barabar boldy. “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 137,5 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle hem “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 131,4 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça ösüş depgini 111 göterime deň boldy. “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça hem degişli işler alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan çäreleriň çäklerinde, tutuş dünýäde çäklendirmeleriň girizilmegi bilen agentlikleriň maliýe durnuklylygyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz sanlylaşdyrmagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendigini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda amala aşyrylýan taslamalary işjeňleşdirmegi we sanly ulgamyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.