ULAG DIPLOMATIÝASY: MILLI LIDERIMIZIŇ AMALA AŞYRÝAN «AÇYK GAPYLAR» SYÝASATYNYŇ UGRY BILEN

06-12-21

Daşary syýasatda ulag, energetika we suw diplomatiýasy boýunça netijeli gepleşikleriň başyny başlap, ýurdumyz özüniň tebigy baýlyklaryny, geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini sebit hem-de dünýä ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak bilen, bütin adamzadyň hyzmatynda goýýar. Bu gün Türkmenistan sebitde parahatçylyk dörediji we ylalaşdyryjy döwlet hökmündäki ornuny dürli ugurlar boýunça berkidip, iri ulag-logistik merkeze öwrülýär.

Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýän ulag diplomatiýasynyň baş maksady asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, ýurtlaryňdyr halklaryň hyzmatdaşlyk köprüsine öwrülen gadymy Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman ulag ugurlary boýunça gaýtadan dikeltmäge hem-de ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilendir. Bitarap ýurdumyz ulag ulgamy boýunça halkara syýasatyň netijeli gurallaryny kemala getirmek ugrundaky başlangyçlary öňe sürmek bilen, olar boýunça netijeli çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşýar. Şunda milli Liderimiz ähli ýurtlar bilen birlikde, geljekki nesilleriň hem bähbitleriniň nazara alynmalydygyny yzygiderli nygtaýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça meýillere doly laýyk gelýär. Şoňa görä-de, dünýä ykdysadyýetiniň çalt özgerýän şertlerinde ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmek arkaly üçünji müňýyllygyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi çaltlandyrmak meselesi ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň hem ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenýär.

Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly çäklerde ýerleşmegi — Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlary boýunça geçelgeleriň çatrygynda möhüm halka bolup hyzmat etmegi döwrebap ulag düzümlerini kemala getirmäge hem-de ony bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki zaman dünýäsinde bir ugur boýunça ýükleriň eltilýän ýerine çenli ulaglaryň dürli görnüşlerini — awtomobil, demir ýol, deňiz, howa ulaglaryny ulanmak arkaly daşalmagyny aňladýan «multimodal» diýen adalga işjeň ulanylyp başlandy. Gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşip, Gündogar bilen Günbataryň siwilizasiýalaryny baglanyşdyran ýurdumyzda hem ulaglaryň dürli görnüşleri boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli zerur şertler bar. Şeýle şertler ulaglaryň iň amatly görnüşleri boýunça ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hemde dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine üstünlikli goşulyşmaga doly esas berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ulag ulgamy boýunça diňe bir sebit däl, eýsem,dünýä ähmiýetli iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ulag geçelgeleri, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, Owganystan — Türkmenistan— Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça üstaşyr ulag taslamasy (“Lapis Lazuli”) Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman görnüşde gaýtadan dikeltmekde möhüm ähmiýetli işlerdir

Hormatly Prezidentimiz ulag-üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça halkara hukuk gurallary bolup hyzmat etjek möhüm başlangyçlary öňe sürüp, olaryň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidilmeginiň möhümdigini nygtap, iş ýüzünde anyk hereketleri amala aşyrýar. Durnukly ulag ulgamy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň dürli ýyllarda geçirilen mejlislerinde kabul edilen Kararnamalaryň üçüsi biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen başy başlanan işleriň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara işini yzygiderli dowam etdirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde hem täze teklipleri öňe sürendigini aýtmak gerek. Hususan-da, ýurdumyz adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly halkara ulag gatnawyny üpjün etmek meselelerine köptaraplaýyn garamak başlangyjy bilen çykyş edip, degişli Kararnamanyň taslamasyny işläp taýýarlady. Bularyň ählisi bolsa dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine görnetin täsirini ýetirýän ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze çemeleşmelerini kemala getirmekde hukuk binýady bolup hyzmat edýär.

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
         Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň   “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni
.

Abuna tassyklaýyş kody: 32469

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.