INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR — ÖSÜŞIŇ TÄZE DEREJESI

22-12-21

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda intellektual tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek, halk hojalygynyň ähli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny gazanmak hem-de bu ugurlarda halkara derejesinde hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhüm wezipeleriň biri hökmünde ileri tutulýar. Onuň üstünlikli çözgüdinde-de jemgyýetimiziň ähli düzümleriniň sanly ykdysadyýete çekilmegini üpjün etmek esasy talaba öwrülýär. Sanly ulgama geçmekde «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» örän uly ähmiýete eýedir.

Konsepsiýanyň wezipeleriniň hatarynda ähli bilim edaralaryna sanly bilim tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny, dersler boýunça döwrebap elektron-usuly toplumlaryň işlenilip taýýarlanylmagyny, uzak aralykdan bilim bermegiň täze tehnologiýalarynyň ulanylmagyny we beýlekileri görkezmek bolar. Sanly bilim maglumat alyşmaga, okamaga we okuw materiallaryny öwrenmäge mümkinçilik berer. Sanly bilim we multimediýa serişdelerini işjeň ulanmak bolsa, her bir mugallymyň öňünde durýan möhüm wezipedir.

Ýurdumyzyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerinde multimediýa we sanly serişdeleri ulanmagyň mümkinçilikleriniň barha artýandygyny bellemelidiris. Munuň özi soňky ýyllarda döwlet tarapyndan berilýän goldawyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim bermegiň hilini hem-de netijeliligini artdyrmakda döwrebap maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň girizilýändigi, kompýuter we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýändiginde şertlenýär.

Kämil bilim ulgamyna multimediýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy özüniň netijeli taraplaryny görkezýär. Hawa, ХХI asyr — ylym–bilimiň, ösüşleriň, maglumat tehnologiýalarynyň asyry. Şulary nazara alyp aýtsak, kompýuter we multimediýa tagtasy suraty, sesi, çyzgylary, hereketi peýdalanmak arkaly harby talyplara geçilýän sapagy has giňişleýin düşündirmäge oňyn şert döredýär. Şeýle-de okatmagyň, bilim bermegiň köpçülikleýin, toparlaýyn, aýratynlykdaky görnüşlerini ulanmaga bolan mümkinçilik artýar.

Innowasion bilim beriş usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hünäri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda bilim maksatly halkara gatnaşyklar ösdürilýär. Türkmenistanyň Ýewropanyň, Aziýanyň, ABŞ-nyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýup, şu döwletlerde türkmen talyplarynyň sanynyň ep-esli artmagynyň gazanylandygyny ýatlamak hem ýerliklidir.

Ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler mugallymlardan hemmetaraplaýyn taýýarlygy talap edýär. Hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýan wezipelerini çözmek üçin sapaklary multimediýa, interaktiw usullaryny, audio-wideo ýazgylaryny, okuw kitaplarynyň elektron görnüşlerini, maglumat kitapçalaryny ulanyp geçmek möhümdir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň, şonuň ýaly-da baky Bitarap Watanymyzyň ähli ýokary, orta mekdeplerinde öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar.

Aýbölek MUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.