Aşgabat — Aziýanyň merjen şäheri
03-05-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň buýsanjymyz bolan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň okgunly ösüşleri netijesinde onuň täze keşbi kemala gelýär. Tanalmaz derejede özgerýän paýtagtymyz milli binagärligiň hem-de öňdebaryjy halkara tejribesiniň esasynda özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda ata-babalarymyzyň binagärlik senedi beýik sungat derejesine ýetirilýär.
Ak şäherimiz Aşgabadyň ençeme desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi, olaryň arasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, Oguzhan suw çüwdürimler toplumy, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň binasy, Aşgabadyň Halkara howa menzili, “Älem” medeni-dynç alyş merkezi, şol sanda bellenilmäge mynasypdyr. Ak mermer örtükli binalaryň köplügi boýunça gözel paýtagtymyz Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterdi.
Häzirki wagtda Aziýanyň merjen şäherine öwrülen Aşgabat şäherimiz ak mermerli täsin desgalary we binalary, paýtagtymyza görk berip oturan ajaýyp seýilgähleri bilen haýran galdyrýar. «Ak mermerli Aşgabat» monumenti, «Ylham», «Altyn asyr», «Garaşsyzlyk», «Bagtyýarlyk», «Aşgabat», täze gurlup ulanmaga berlen «Laçyn» medeni dynç alyş seýilgähleri bu gün halkymyzyň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.
Arkadagly Serdarymyz raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almagynda, şäher gurşawynyň durmuş we ekologiýa üpjünçiligini gurnamakda seýilgähleriň gurluşygyna aýratyn üns berýär. Tanalmaz derejede özgerýän paýtagtymyzyň görküne görk goşýan seýilgähleriň sany barha artýar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hormatyna «Arkadag» diýlip atlandyrylan täze medeni we dynç alyş seýilgähi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Medeni çäreleri geçirmek we dynç almak üçin niýetlenen bu desga 7 gektar meýdany tutýar. Bu seýilgäh «Oguzkent» myhmanhanasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň dolandyryş binasy bilen özara sazlaşyp gidýär. Bu ýerde milli öwüşginlere beslenen täsin galdyrýan görnüşler özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar.
Merkezi girelgede Oguz hanyň sekizburçly ýyldyzy görnüşinde suw çüwdürimleri ikä bölýän sekiz metrlik sagatly diň ünsüňi özüne çekýär. Bu ýerde çagalaryň oýun meýdançalarynyň ikisi hem-de maşgala bolup dynç almak üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Belent arka gurluşy bolsa dabaraly çäreleri geçirmek üçin niýetlenip, ol uly meýdançany tutýar. Halkynyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň şäherimiziň ýaşaýjylary we onuň myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaga amatly ýagdaýlary, oňaýly şertleri döretmek barada alyp barýan bimöçber işlerini «Arkadag» seýilgähiniň mysalynda hem aýdyň görýäris.
Ak şäherimiz Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýan «Arkadag» seýilgähi paýtagtymyzyň owadan binalary bilen sazlaşyp, täsin gözelligi döredýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, Aşgabadyň täze binagärlik keşbi parahatçylygyň, abadançylygyň we bagtyýarlygyň nyşany hökmünde dünýä nur saçýar.
Indi däbe öwrülen baýramlaryň biri hem 25-nji maýda gözel paýtagtymyzyň nurana keşbini dünýä ýaýýan, onuň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň şatlygyna şatlyk goşýan, ýurdumyzda giňden bellenilýän Aşgabadyň güni döwlet derejesinde uly dabara bilen giňden bellenilip geçirilýär. Goý, halkymyzyň buýsanjy merjen şäherimiz Aşgabady ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gyzylgül ÖWEZMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.