“AŞTU” ÝGPJ täze resmi web saýtyny işe girizdi

08-12-21

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti sanly platformalary täzelemegiň çäklerinde täzelenen resmi web sahypasyny tanyşdyrdy.

Bu üýtgeşmeler interfeýsiň dizaýny bilen baglanyşykly. Sahypanyň ähli bölümleri maglumatlary görkezmek üçin birmeňzeş standartlara laýyklykda gurnalypdyr. Saýtyň beýleki ähli serwisleri öňki tertipde işleýär.

Mälim bolşy ýaly, AŞTU-nyň resmi sahypasynda her bir abonentiň “Şahsy otaga” girip, internetiň, şäheriçi telefonyň, IPTV-niň balansyny görmek mümkinçiligi bardyr. Şeýle hem bu hyzmatlar üçin bank kartlary arkaly onlaýn töleg tölemek mümkindir. Saýtyň esasy sahypasynda “Altyn Asyr”, “MasterCard” we “VISA” töleg ulgamynyň bank kartalaryny ulanyp, şahsy hasabyň balansyny doldurmak üçin widjet hem ýerleşdirilen.

Resmi web saýtyň ykjam we desktop enjamlary üçin niýetlenen görnüşlerine hem üýtgetmeler girizildi. Netijede, indi resmi saýt ykjam enjamlarda has tiz işlär.

16a3cc01ce112c.png
Türkmenistan bilen Azerbaýjan gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sişenbe güni habar berdi.


16a3cbbf8cfc83.jpeg
Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.


16a3cba2d74906.jpeg
Oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler

24-nji iýunda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara dost-doganlyk gatnaşyklary — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady” atly maslahat geçirildi.


16a3b65a2db209.jpeg
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy agyr ýük ulaglarynyň sürüjilerini işe kabul edýär

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine degişli Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy täze iş orunlarynyň açylandygyny yglan etdi. Kärhana «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük ulaglaryny dolandyrmaga ukyply we degişli tejribä eýe bolan sürüjileri işe çagyrýar.


16a3b5d24ac84d.jpeg
Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.