Gahryman Arkadagymyza belent sarpa

09-12-21

Asuda döwletde, abadan durmuşda bagtyýarlyga, ösüş-özgerişlere, şanly senelere, toý-baýramlara baý bolan her bir ýylymyz taryhy wakalara beslenýär. Agzybirlikden döwlet tapan, Garaşsyzlygyny gazanyp, baky Bitaraplygy ykrar edilip, durmuşy bagtyýarlyga ýugrulan halkymyzda geljek, 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak barada öňe sürlen teklip agzybir halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe boldy.

Üstünliklere beslenen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly tamamlanyp barýar. Şu ýylda durmuşa geçirilen işler, ýetilen belent sepgitler barada oýlananymyzda, ata Watana söýgimiz, il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işlerde halkymyza baş bolýan Gahryman Arkadagymyza hormatymyz, milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler sanardan köpdur.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edileni ýaňy ýalydy. Mälim bolşy ýaly, bu babatdaky Karar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýurdumyzyň raýatlarynyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen kabul edildi hem-de bu maksada ýetmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Üstünlikli dowam edýän hem-de häzirki zaman taryhymyzy şöhratlandyrýan 2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işleriň, çäreleriň durmuşa geçirilendigini, çözgütleriň kabul edilendigini bellemek gerek. Şonuň netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça uly işler amala aşyryldy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy has-da artdy.

Şu ýerde bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy hökmünde käbir mysallara salgylanylsa göwne makul bolar. Sebäbi şol wakalar we üstünlikler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzy many-mazmun taýdan baýlaşdyrdy hem-de Watanymyzyň we halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň ýokarydygyny dabaralandyrdy.

Üstümizdäki 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ösüşe gönükdirilen beýleki maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin milli ykdysadyýetimiziň toplumlarynyň, pudaklarynyň sazlaşykly ösdürilmegine möhüm ähmiýet berdi. Şonuň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgini üpjün edildi.

Gahryman Arkadagymyz «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygara laýyklykda, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga 2021-nji ýylda-da möhüm ähmiýet berdi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanlysy ulanylmaga berildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda ýurdumyzda gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýan hem-de ulanylmaga berlen ýaşaýyş-durmuş we medeni-durmuş maksatly täze desgalar Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarydygynyň görkezijisidir.

2021-nji ýylda Aşgabadyň 140 ýyllygynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegi bilen taryhy ýylymyz has-da şöhratlandyryldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu ýylda hem parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirdi. Hormatly Prezidentimiz birnäçe halkara forumlarda çuňňur manyly çykyş edip, möhüm teklipleri öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyzyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatda we beýleki forumlarda eden çykyşlary diňe bir şol maslahatlara gatnaşanlaryň däl, eýsem dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi.

 «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, dost-doganlygy berkitmäge oňat ýardam edýär. Munuň şeýledigini taryhy wakalardan, buýsandyryjy pursatlardan aýdyň görmek bolýar.

Tamamlanyp barýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň halkymyza şan getiren şöhratly ýyllaryň biri hökmünde taryha girjekdigi, geljek 2022-nji ýyly ýagşy arzuw-umytlar bilen uly ruhubelentlikde garşylamaga ykjam taýýarlygyň görülýändigi, täze ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak boýunça teklibiň öňe sürülmegi ildeşlerimiz tarapyndan ak ýürekden goldanyldy. Nygtalyşy ýaly, geljek 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak ulus-ilimiziň ýürek arzuwy, göwün islegi. Şoňa görä-de, bagtyýar halkymyz Arkadagly döwrüň täze ýylyna uly ruhubelentlik bilen gadam basmagy we ähli ugurlar boýunça täze zähmet üstünlikleri gazanmagy belent maksat edinýär.

Bagtyýar durmuşda bolelin ýaşaýan mähriban watandaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň dünýä nusgalyk beýik işlerine, döwletli tutumlaryna hoşallygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyşlaryny aýdýarlar.

Guwanç ANNASAPAROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

Abuna tassyklaýyş kody: 37014

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.