Bilimli ýaşlar — Watanymyzyň geljegi

09-12-21

Berkarar Watanymyzyň şu güni we ertiri edepli, kämil bilimli nesillerimize baglydyr. Biz oňa Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagyny geçende has-da anyk göz ýetirdik. Milli Liderimiz ýurdumyzda gazanylýan ösüşler we özgerişler hakynda söz açanda, her bir işde, ýaryşlarda we ýeňişlerde ýaşlygyň güýjüni, ýaşlaryň dogumdan ýaňa ýanyp duran gözlerini gördük. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerýän Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara uly ynam bildirmegi ― olary nurly ertirleriň şaýollaryna salyp, ak pata berilmegidir. Türkmeniň gadymy däp-dessurlary boýunça ynam daragtynyň umyt miwesine sapylmagydyr.

Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan şol ajaýyp okuw sapagyna gatnaşmak hem-de milli Liderimiziň ýaşlara beren öwüt-ündewlerini diňlemek bagtynyň miýesser eden pursady bizde nesil ýetişdirmäge iňňän jogapkärli çemeleşmek baradaky pikirleri has-da pugtalandyrdy. Sebäbi asly halal türkmeniň milli ýörelgelerinde nesil terbiýesi, olary ylymly-bilimli, watansöýer, zähmetsöýer, ynsansöýer adamlar edip ýetişdirmek meselesi düýpli kök urupdyr. Bu irnik meseläni gadymy ata-babalarymyz çaga doglandan başlamagy, olary ýagşy görelde bilen terbiýelemegi, halallygy, ynsaplylygy ündemegi zynharlapdyrlar.

Halkymyzyň «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Bal süýji, baldan-da bala» diýlen milli terbiýeçilik ýoluna eýerýän Gahryman Arkadagymyz şol sebäpli-de terbiýe, ylym-bilim meselesini has çuňlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda bu barada şeýle diýilýär: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir». Türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan kemally adamlar bolup ýetişmegi babatda ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Ynha, 1-nji synpa gadam basan körpelerimize «Bilimli» atly kompýuterleriň sowgat berilmegi, onda türkmen, rus, iňlis dillerinde gerekli maglumatlaryň bolmagy, şeýle enjamlaryň öz ýurdumyzda öndürilmegi bolsa, ýurt Baştutanymyzyň körpeler barada edýän bimöçber aladalarynyň miwesidir. Ýurdumyzyň ähli ýerinde çagalar baglaryny, täze mekdepleri, kitaphanalardyr muzeýleri gurduryp, ýaşlaryň ylym-bilimini, akyl-paýhasyny ösdürmäge aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz 1-nji sentýabrda geçen okuw sapagynda zaly dolduryp oturan buýsançly ýaşlara ýüzlenip: «Hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne boluň! Ylym-bilim ynsany belende göterýär» diýende, tolgunmakdan ýaňa ýaşlaryň ör turmagy, gyzgyn el çarpyşmalar, alkyş sözleri bilen garşylamagy gatnaşyjylaryň her birine öz täsirini ýetirdi. Sebäbi hut şular ýaly gymmatly sargytlar her bir ýaş ynsana öz-özüni açmaga, ylym-bilimiň, bilesigelijiligiň syrly ýollaryna tarap rowana bolmaga itergi berýär.

Okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyzyň Watan hakynda aýdan dürdäne sözleri oňa gatnaşyjylara uly täsir etdi. Ata-babalarymyzyň «Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol» diýen parasatly sözleriniň üstüniň: «Biziň üçin Watandan beýik gymmatlyk, halkymyzdan eziz düşünje ýokdur» diýen dürdäne setirler bilen ýetirilmegi ýaşlaryň kalbyndaky watançylyk duýgularyny has-da berkitdi. Hormatly Prezidentimiziň Soltan Jelaleddin bilen baglanyşykly rowaýaty mysal getirmegi, gadymy Wasyň bir gysym topragy, Amyderýadan getirilen bir jürdek suw bilen Jelaleddiniň sökellikden saplanyşy baradaky tymsaly bolsa, türkmen topragynyň kerem-keramatynyň gudratyny açyp görkezdi.

Ýurdumyzda ýaşlaryň bedeniniň berk, janynyň sag bolmagy üçin ençeme sport desgalary, mekdepler, türgenleşik zallary gurlup, olaryň hyzmatyna berilýär. Şeýle oňaýly şertler esasynda agyr atletikaçy gyz Polina Gurýewa Tokioda geçirilen ýaryşda Watanymyzyň adyny şöhrata besledi. Ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy, uly aladasy bilen şeýle türgenlere Şa serpaýlarynyň gowşurylmagy ýaşlarymyzyň başyny göge ýetirýär. Türkmen ýaşlarynyň diňe bir sport ulgamynda däl, eýsem, ylym-bilimde, maglumat tehnologiýalarynda dünýä ýaşlaryndan birjik-de kem galmazlygy üçin döwlet derejesinde düýpli aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylynyň ilkinji gününde geçen okuw sapagynda bu barada aýratyn nygtap şeýle diýdi: «Nesip bolsa, ýakyn ýyllarda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna birikdireris». Milli Liderimiziň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedrasynyň dörediljekdigi baradaky şatlykly habary bolsa, ýaşlaryň buýsanjyny goşalandyrdy.

Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyza, baky Bitaraplygymyza bolan çuňňur söýgi her birimiziň gursagymyzda uly orun tutýar. Milli Liderimiz bu iki mukaddesligi Watanymyzyň goşa ganatyna meňzedýär. Bu bolsa ýaşlaryň her biriniň gül meňizlerine ýagty nur çaýýar. Sebäbi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynynyň uly baýramçylyk dabaralar bilen  toýlanan ýurtda ýaşamak olar üçin uly bagt.

Toý-baýramlara beslenýän ýurdumyzda ýaş nesillere uly ynam bildirilmegi bolsa, atalardan ogullara geçýän döwletlilikden nyşandyr. Bu babatda atasy Berdimuhamet Annaýewiň, mähriban kyblasy Mälikguly aganyň danalyk ýörelgelerine eýerýän hormatly Prezidentimiz biz ― ýaşlara nusgalyk mekdepdir. Ýurdumyzyň ýaşlaryny geljegiň röwşen ýollaryna atarýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Bahar ALLAMYRADOWA,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy fakultetiniň Kompýuter ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Abuna tassyklaýyş kody: 25468

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.