«Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak arkaly ulag logistika ulgamyny kämilleşdirmek» atly onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi

11-12-21

Toýlary toýa ulaşýan ata Watanymyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen — Berkarar Watanymyzyň Hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda «Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak arkaly ulag logistika ulgamyny kämilleşdirmek» atly teleköpri arkaly onlaýn görnüşde ylmy-amaly maslahat geçirildi.

2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň “Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrlyşy” kafedrasy «Türkmenhowaýollary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleri bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň arasynda «Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak arkaly ulag logistika ulgamyny kämilleşdirmek» atly teleköpri arkaly onlaýn görnüşde ylmy-amaly maslahat geçirildi.

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna bagyşlanyp geçirilen bu onlaýn ylmy-amaly maslahat  berkarar döwletimiziň okgunly ösýän ulag logistika ulgamyny kämilleşdirmek maksatnamalarynda innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň sanly ykdysadyýet ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybaratdyr.

Ylmy-amaly maslahaty Ylmy işler boýunça prorektory, y.y.k. G.Penaýew giriş sözi bilen açyp, Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köpşahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň, bu ulgamda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda hereket edýän we gurulýan täze awtomobil hemde demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek we giňeltmek boýunça taslamalaryň ähmiýetiniň artmagy dogrusynda giňişleýin çykyş etdi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler:

1. “Ulag ulgamyny sanlylaşdyrmakda “blockchain” tehnologiýasyny ulanmagyň zerurlygy”.

Ş.Akynyýazowa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalary fakulteti “Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy” kafedrasynyň mugallymy.

2. “Howa gatnawy üçin işewürlik zerurlyklaryny ýokarlandyrmak”

M.Atajanowa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalary fakulteti “Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy” kafedrasynyň mugallymy.

3. “Hazarýaka sebitinde logistika halkasynyň emele gelmeginde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň orny”

Ş.Garabegow, "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň “Logistika we marketing” bölüminiň başlygynyň w.w.ý.ý.

4.  “Awtomobil ulag ulgamynda sanly üýtgeşme”

S.Ýusupowa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalary fakulteti “Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy” kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

5.“Baky  Bitarap Türkmenistanyň ulag ulgamynda ýetilen belent sepgitleri”

A.Söýünow,  Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalary fakultetiniň “Buhgalter hasaby we audit” hünäriniň 3-nji ýyllyk talyby.

Wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn  ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşýanlar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň abadançylygynyň hem-de ählumumy ösüşiň bähbidine gönükdirilen ägirt uly işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Maglumatlary toplan:  Bahar ANNAGURBANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy kafedrasynyň müdiri,
ykdysady ylymlaryň kandidaty

Çapa taýýarlan: Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uçurymy.

Abuna tassyklayyş kody: 32469

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.