Saglyk — bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

04-02-26

Adamyň saglygy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Döwletimiz tarapyndan raýatlarymyzyň saglygy barada uly alada edilýär. Sagdyn durmuş, sagdyn ýaşamak şahsyýete öz mümkinçiliklerini, ylym, medeniýet, bilim, sport ulgamlarynda we durmuşyň ähli ugurlarynda döredijilik ukyplaryny ýokary derejede we hemmetaraplaýyn açmaga şert döredýän berk binýatdyr. Durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetýän, hemmetaraplaýyn ösen, häzirki zaman döwlet geljege ynam bilen garaýan, sagdyn adamlaryň döwletidir.

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, lukmançylyk edaralaryndan başga-da, şypahana, hem-de sport ulgamyny, syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny öz içine alýan döwrebap saglyk düzümini ösdürmek babatda edilýän işleriň ählisi raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport sagaldyş hereketi hem sagdyn durmuş ýörelgesiniň täze tarapdarlaryny öz hataryna işjeň çekýär. Ýurdumyzda “Il saglygy — ýurt baýlygy” atly şygar bilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri geçirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda sport diňe bir onlarça müň adamyň endigi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol halkyň durmuş ýörelgesidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, sport ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýelemekden ybaratdyr. Bu syýasatyň üstünligi hem-de aýdyň netijeleri ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketiniň döwletiň we halkymyzyň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşmagynda möhüm orun eýeleýändigini aýdyňlyk bilen görkezýär. Halkymyz sagdynlygyň hem-de ony pugtalandyrmakda sportuň bahasyna ýetip bolmajak gymmatyna aýdyň göz ýetirýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde hem-de saglygyň özeni bolan sport bilen meşgullanmakda nusgalyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen barha giň gerimde ýaýbaňlanýan köp sanly sport ýaryşlarynyň, welosipedli ýörişleriň, milli spartakiadalaryň, Saglyk ýoluna ýörişleriň, şeýle hem köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň toplumy döwletli Diýarymyzda berk bedenli, sagdyn we ruhubelent nesilleri kemala getirmeklige gönükdirilendir. Döredilýän mümkinçilikler, geçirilýän dabaralardyr ýaryşlar ýurdumyzda halkymyz baradaky edilýän aladanyň aýdyň görkezijisi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň, esasan hem, ýaş nesliň saglygynyň goralmagyny döwlet derejesindäki ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde görkezip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmeginiň uzakmöhletleýin umumymilli maksatnama mahsus bolan guramaçylykly häsiýete eýe bolmagyna badalga berdi. Hut şu ugurda eýýäm anyk we yzygiderli ädimler ädildi. Muňa mysal edip, ýurdumyzda umumymilli spartakiadalaryň we sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynyň guralmagyny, sportuň maddy-tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny we ösdürilmegini görkezmek bolar.

Uly üstünliklere, ösüşlere we şanly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Tutuş ýurdumyzy gurşap alýan uly, ählihalk sport baýramçylyklaryna bagtyýar raýatlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Sport bilen meşgullanyp, ruhubelentligini galdyrýarlar.

Ýurdumyzda şunuň ýaly uly möçberli çäreler bedenterbiýe-sagdynlyk hereketiniň hil taýdan täze derejä ýetirilmegini, giň gerimli jemgyýetçilik işleriniň geçirilmegini alamatlandyrýar, bularyň maksady bolsa türkmen halkynyň, her bir raýatyň abadan, bagtyýar we göwnejaý ýaşaýşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlarymyzyň saglygyna we beden taýdan kämilligine aýawly garamak wezipesi täze mazmuna eýe boldy. Halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Annagurban ORAZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet hirurgiýa kafedrasynyň assistenti.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.