KÄMIL YLYM - BERK BINÝAT

28-04-23

Ylym kämilligiň gözbaşy, ýaşaýşyň bolsa şuglasydyr. Ylymlar dünýäsine aralaşmak bilen ynsan öz durmuş köprüsiniň sütünlerini berkden gurýar. Ylym ynsan ömrüni ajaýyplyklara besleýär. Ylym almak ukyby bilen ähli barlyga göz ýetirilýär. Geçmiş taryhymyzda hem ata-babalarymyz ylym-bilime uly sarpa goýupdyrlar. Ylymly dana adamlaryň pähimine eýeripdirler. Şol sebäpden pederlerimiz nesilleriniň bilim binýadynyň berkligini gazanmak üçin medreselere çagalaryny gatnadyp okadypdyrlar.

Zehiniňi açmaklyk üçin ylym genji-hazyna bolup hyzmat edýär. Zehiniňi we ukybyňy ýitileşdirmäge ýardam berýän baýlyk ylymdyr. Bu barada biziň pederlerimiziň akyl we ylym hakynda birnäçe gymmatly jümleleri bar. Ýagny “Akyl iň gözel zynat, ylym iň ýagşy baýlykdyr”, “Miras galjak iň ýagşy zat ylymdyr”, “Ylma görä edilen amal abraý-mertebedir”, “Ylym egsilmeýän uly hazynadyr. Akyl hiç solmaýan täze lybasdyr” ýaly pähimli sözler ylym dünýäsine aralaşyp, bilim alýan her bir ýaş nesliň çuňňur akyl ýetirmegine mümkinçilik berýär.

Gahryman Arkadagymyz biziň ýaşaýan döwrümizde iň gymmatly baýlygyň bilimdigini nygtaýar. Bu barada milli Liderimiziň: “Bilimsizlik — ejizlikdir. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda halkyň, ýurduň ykbaly, onuň bagtyýar geljegi bilen aýrylmaz bagly bolan bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge aýratyn üns berýäris” diýip bellemegi bagtyýar ýaşlarymyzyň sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, belent maksatly we ylymly, bilimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin örän uly alada edýändiginiň alamatydyr.

Ylym-bilim binýadymyzyň berkden gurulmagyna uly ähmiýet berýän Arkadagly Serdarymyzyň maksatnamalary Berkarar döwletimizde öz ajaýyp nuruny saçyp, bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenleriň hem işleriniň ilerlemegine ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň kämil bolmagyna, dünýäniň täze, ösen tehnikalaryndan baş çykaryp bilýän ökde hünärmenleri taýýarlamaga itergi berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylym-bilim pudagynda gazanylýan uly ösüşler we özgerişler kalbyňy buýsanç duýgulara gaplaýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň bagtly nesilleriniň bilim binýadyny berkden gurýan hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňe sürýän ýörelgeleriniň ählisi hem biz mugallymlar bilen bir hatarda, ata-eneleriň hem buýsanjyna buýsanç, şatlygyna şatlyk goşýar. Berkarar döwletimizde türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli bolmagy ugrunda aladalanýan milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! Aýdyň ýollara besleýän bagtyýarlyk döwrümizde türkmen nesillerine Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ynamyny ödäp, eziz Diýarymyzyň ylym baýlygyny artdyrmak nesip etsin.

Ýaşlaryň geljekde Watanymyza wepaly, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda uly işleri alyp barýan, asylly başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyşlary aýdýarys!

Dayanç BABAÝEW, 
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.