Poçta hyzmatlarynyň kanunçylyk binýady tehnologiýa döwri esasynda diwersifikasiýalaşdyrylýar

16-12-21

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda «Ýurdumyzda poçta ulgamynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, poçta işiniň taraplarynyň hukuklaryny hem-de borçlaryny we bu ugurda döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, ulgamyň hukuk esasyny kämilleşdirmeli» diýip beren anyk tabşyryklaryndan ugur alyp, ýakynda «Poçta aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kesgitleýän kanunçylyk namalary girizildi.

Türkmenistanyň «Poçta aragatnaşygy hakynda» kanuny poçta ulgamynyň hyzmatlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek bilen poçta aragatnaşygy çygrynda işiň hukuk esasyny belleýän, şeýle hem poçta aragatnaşygynyň operatorlarynyň hem-de poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň kanunçylyk-hukuk binýadyny kesgitleýän kadalarynyň jemidir.

Kanunda peýdalanyjylaryň esasy hukuklary we borçlary giňişleýin beýan edilýär. Şeýle hem ýerine ýetirilýän köpugurly poçta aragatnaşyk hyzmatlary, ýagny tizleşdirilen we çapar poçta ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry, poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň nyrhnamalary,  poçta ugratmalaryny Türkmenistanyň çäginde ibermegiň we eltip bermegiň möhletleri anyk bellenip geçilýär.

Kanunda häzirki sanly tehnologiýalar döwründe Bütindünýä poçta birleşiginiň düzgünlerine laýyklykda, dünýä ýurtlaryna çaltlandyrylan poçta iberme hyzmatlary, möhüm resminamalary sargyt boýunça çalt gowşurmaklyk hyzmatlary ýokary hilli hyzmat etmek arkaly gysga wagtyň içinde amala aşyrmak wezipelerini çözmäge gönükdirilen ugurlar görkezilýär.

 Elekt­ron ha­bar — telekommunikasiýa ulgamy, internet tory ýa-da elektron göterijini ulanmak arkaly elektron görnüşde iberilýän maglumatlaryň binýadyny kämilleşdirmek, daşamak, eltip bermek we gowşurmak arkaly poçta ugratmalaryny alyjynyň poçta ugratmasyny alandygy barada habarnamanyň operator tarapyndan ugradylmagy kagyz göterijide ýa-da elektron habar görnüşinde amala aşyrylmagyň döwrebap ýerine ýetirilişi kesgitlenilýär.

Kanunda poçta howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky kadalar we operatorlara eltip bermek üçin berlen neşir önümleriniň abat saklanylmagynyň üpjün edilmegi boýunça çäreleriň toplumy hem göz öňünde tutulýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe poçta hyzmatlarynyň döwrebaplaşdyrylan we ýönekeýleşdirilen görnüşlerini ornaşdyrmak we müşderiler üçin poçta hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleriniň esasy wezipesi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde poçta ulgamynyň kanunçylyk binýady ýurdumyzyň parahatçylyk, abadançylyk we durnuklylyk syýasyny has-da dabaralandyrar. 

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk  kompaniýasynyň hünärmeni.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.