Türkmenistanyň baş Täze ýyl arçasynyň baýramçylyk yşyklary ýakyldy
16-12-21

15-nji dekabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär.
Sekiz burçly hem-de «2022» diýen ýazgy bilen bezelen ajaýyp ýaşyl arça “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada gurnalan ertekiler şäherjiginde oturdyldy. Bu ýerde her ýyl Täze ýyl dabaralary guralýar.
Dürli öwüşgin saçýan şarlar we çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň beýikligi 38,5 metre, göwrümi bolsa 16 metre deňdir. Ýeri gelende aýtsak, soňky ýyllarda Aşgabatdaky Baş arça GDA ýurtlarynyň paýtagt şäherleriniň Täze ýyl arçalarynyň arasynda beýikligi boýunça birinji orny eýeläp gelýär.
Täze ýyl günleri bu ajaýyp baýramçylygyň aýdyň alamaty bolan Baş arçanyň oturdylan ýeri özüniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny bellän hem-de bu senesi Garaşsyz Watanymyzyň 30 ýyllyk iň täze taryhynyň ýyl ýazgysyna giren türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin täsin künjekleriň birine öwrüldi.
Şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini bellemek gerek. Biz röwşen geljegimizi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasy ugrunyň binýadyny düzýän ynsanperwerlik taglymlarynyň dabaralanmasy bilen baglanyşdyrýarys. Täze ýyl dabaralaryny çagalaryň — biziň jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşap alan, ýurdumyzyň geljegi körpeleriň açýandygy tötänleýin däldir. Şadyýan çagalaryň sesleri Watanymyzyň abadançylygynyň, Garaşsyz döwletimiziň şu gününiň hem-de ertiriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Her ýyl körpe aşgabatlylar Aýazbabany we onuň agtygy, wepaly hemrasy Garpamygy merkezi Täze ýyl arçasynyň ýanynda garşylaýarlar, köp garaşdyran myhmanlary ýurdumyzyň baş şäheriniň barha özgerýän keşbinde tamamlanyp barýan ýylda bolup geçen özgertmeler bilen tanyşdyrýarlar.
Ine, bu gün hem baýramçylyk görnüşinde bezelen Täze ýyl kerweniniň ýörite ugry Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygyndan badalga alyp, şäheriň täze etrabynyň çäginden geçýär. Bu ýerden türkmen paýtagtynda gurulýan täze binalaryň ajaýyp görnüşi açylýar. Olaryň biri häzirki zaman “Aşgabat” söwda we işewürlik merkezidir, bu ýerde şäher ýaşaýjylarynyň, esasan-da, çagalaryň wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler döredilendir.
Soňra Aýazbaba we Garpamyk kabriolet awtomobilinden ak gar ýaly paýtuna münüp, ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ezber atly ýigitleriniň, şeýle hem ajaýyp görnüşde bezelen iki gat awtobusdaky körpeleriň ugratmagynda Täze ýyl baýramynyň öň ýanyna mahsus keşbe giren Aşgabadyň köçeleri boýunça gezelenji dowam edýärler.
Atly ýigitleriň baýramçylyk çärelerine gatnaşmaklary ajaýyp milli däp-dessurlarymyzyň biridir. Bedew biziň buýsanjymyzdyr we bahasyna ýetip bolmajak mirasymyzdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atçylyk pudagyny ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi türkmen bedewleriniň şöhratynyň dünýäde has-da belende galmagyna ýardam berýär. Häzirki wagtda atlary seýislemek, ahalteke bedewleriniň sanyny köpeltmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini wagyz etmek, olaryň gaýtalanmajak gözelligini kämilleşdirmek meselelerine uly üns berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça 2007-nji ýylda döredilen hem-de halkara gözden geçirilişleriň we sirk sungatynyň bütindünýä festiwallarynyň ençeme gezek ýeňijisi bolan şöhratly “Galkynyş” topary behişdi bedewleriň wagyz işlerine uly goşant goşýar.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar belent ýaşaýyş jaýlarynyň hatary ýerleşýän şaýoldan geçdiler, milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, türkmenistanlylaryň amatly, abadan durmuşda ýaşamagy barada hemişelik aladasynyň we ägirt uly ünsüniň aýdyň subutnamalary bolan türkmen paýtagtynyň täze desgalarynyň binagärlik keşbini synlap lezzet aldylar. Arçabil şaýolunyň ugrunda işewürlik merkezini emele getiren ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň häzirki zaman binalarynyň töwereginde Täze ýyl bezegli arçajyklar oturdylypdyr, olar paýtunda gezelenjini dowam edýän Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň hereketinden dürli öwüşginli yşyklar bilen ýalkym saçýarlar.
Baýramçylyk kerweni “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyna geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň Baş arçasy köpöwüşginli yşyklary bilen ýalkym saçýar. Onuň ýanynda ertekiler dünýäsini ýada salýan, hemmeleriň söýýän baýramynyň barha ýakynlaşýandygy aýratyn duýulýar.
Täsinlikler ýurdunyň girelgesinde myhmanlary dürli öwüşginlere beslenen türkmen halk ertekileriniň, çagajyklaryň söýgüli multfilmleriniň gahrymanlary garşy alýarlar.
Gadymy ertekilerde beýan edilen galalaryň hem-de gündogar bazarlarynyň özlerine mahsus nyşanlary bilen ýasalan kiçeldilen nusgalary täsin baýramçylyk öwüşginini emele getirýär.
Agaçlaryň hem-de gyrymsy ösümlikleriň töwerekleri hem dürli öwüşginli yşyklar, çyralar bilen bezelipdir, olar agşamlaryna tutuş Täze ýyl görnüşiniň howada gaýýan ýaly täsirini döredýär.
Täze ýyl baýramçylyk lybasyna beslenen çagalar Aýazbabany hem-de Garpamygy uly şowhun hem-de şadyýan aýdymlar bilen garşylaýarlar.
Çagalar we ýetginjekler köşgüniň, sungat mekdepleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň çagalar tans toparlarynyň ýaşajyk artistleri olar üçin özleriniň döredijilik sowgadyny taýýarlapdyrlar. Gündogar senenamasynyň nyşanlarynyň lybasyna beslenen çagalar ýurdumyzyň Baş arçasynyň daşyndan aýlanmaga çagyrýarlar.
Aýazbaba hem-de Garpamyk ýaş türkmenistanlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de mähriban halkymyza ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli mähirli gutlaglaryny, bagt, saglyk, Diýarymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan edýärler. Olar milli Liderimize çagalar, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ýurdumyzda ähli zerur şertleri döretmek baradaky ýadawsyz aladasy üçin hoşallyk bildirýärler.
Elbetde, şatlyk-şowhuna beslenen Täze ýyl dabarasynyň esasy pursady çagalaryň islegi hem-de Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň gudraty bilen arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy boldy. Dürli öwüşginli köp sanly çyralar täsin, şadyýan hem-de ruhubelent Täze ýyl baýramynyň barha golaýlaşýandygyny habar berýärler.
Dabara “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurnalan sahnadaky konsert bilen dowam etdi.
Täze ýyly garşylamak dabarasyny gaýtalanmajak hem-de ýatda galyjy çärä öwren bu täsin baýramçylyk dabarasy ulularda we çagalarda uly täsir galdyrdy.
Çagalara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp sowgatlar gowşuryldy.
Paýtagtymyzdaky Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagynyň yzysüre welaýatlarda “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançalardaky, şeýle hem ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň merkezlerindäki Täze ýyl arçalary hem öz yşyklaryny ýakdylar.
Şu günden başlap bu ýerde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýetip gelýän Täze — 2022-nji ýylyň şanyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralary geçiriler.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürýär
Azerbaýjan bilen Türkmenistan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäginde Baku, Alýat we Türkmenbaşy portlarynyň has giňden ulanylmagyny işjeň öňe sürýärler. Bu barada Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow Bakuda geçirilen “Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygy: gazananlar we geljekki mümkinçilikler” atly simpoziumda eden çykyşynda belledi.

Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär
Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär. Häzirki wagtdaky ýagdaýa görä, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan ýüzlerçe adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdi.

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyñ arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy ýanwar-maý aýlarynda iñ ýokary görkezijilerine ýetdi
2025-nji ýylyñ ýanwar-maý aýlarynda Hytaý bilen Merkezi Aziýanyñ bäş ýurdunyñ (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) arasyndaky söwdanyñ möçberi geçen ýylyñ şol bir döwri bilen deñeşdirilende, 10,4 % artyp, 286,42 mlrd ýuana (39,91 mlrd $ golaý) ýetdi. Bu barada Hytaýyñ Baş gümrük müdiriýeti habar berýär.

Emeli aň we sanlylaşdyrma boýunça seminar geçirildi
Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Ýokary bilim ulgamynda sanlylaşdyrma, IT we emeli aň” atly okuw seminary geçirildi. Ony ABŞ-nyň Fullbright alyş-çalyş maksatnamasynyň hünärmeni doktor Melda Ýyldyz geçirdi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Päkistanyň portlarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 17-njy iýunynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň Gwadar hem-de Karaçi portlarynyň wekilleriniň arasynda porty dolandyrmak we işletmek boýunça tejribe alyşmak babatynda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.