Türkmenistan we Bütindünýä söwda guramasy: ýurdumyzyň halkara ykdysady derejesine berilýän baha
16-12-21
Bütindünýä söwda guramasy — halkara ykdysady gurama bolmak bilen, ol 1995-nji ýylda agza döwletleriniň arasynda halkara söwdany düzgünleşdirmek we söwda syýasy gatnaşyklary sazlamak maksady bilen döredildi. Bütindünýä söwda guramasy 1947-nji ýylda döredilip 50 ýyla golaý wagtyň dowamynda halkara söwdany sazlamakda işleri alyp baran söwda we tarifler baradaky Baş ylalaşygy (GATT) guramasynyň ornuny çalyşan edaradyr. Häzirki wagtda onuň 164 sany agzasy bardyr. Şolardan 160-sy halkara derejeli ykrar edilen döwletler, Taýwan (döwlet hökmünde halkara derejesinde doly ykrar edilmedik), 2-si garaşly territoriýalar (Gonkong we Makao) we Ýewropa Bileleşigidir. Uzaga çeken gepleşiklerden soň 2012-nji ýylda Russiýa Federasiýasy hem bu guramanyň agzalygyna kabul edildi.
Bu guramanyň esasy maksady gümrük päsgelçilikleri aradan aýyrmak, halkara söwdasyndaky kemsitmäniň ähli görnüşini ýok etmek, söwda düzgünlerini kämilleşdirmek arkaly harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasynyň liberalaşdyrylmagyna ýardam bermek bolup durýar.
Häzirki wagtda dünýä söwdasynyň 4/5 bölegi şu guramanyň düzgünnamasy esasynda amala aşyrylýar. Köptaraplaýyn ylalaşyklar bilen baglanşykly köptaraplaýyn dolandyryş işlerini alyp barmak, halkara söwdanyň ýagdaýlaryna gözegçilik etmeklik we bu ugurda maslahatlary bermek, köptaraplaýyn söwda gepleşiklerini amala aşyrmaklykda forumyň wezipesini ýerine ýetirmek, halkara söwda ulgamynda ýüze çykýan meseleleri çözmekigiň bir bütewi ulgamyny döretmek we global derejedäki söwda syýasatyna täsir etmeklikde beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlik etmeklik bu guramasynyň esasy wezipeleri bolup durýar.
Bütindüňýä söwda guramasynyň esasy ýörelgeleri hökmünde bolsa, has artyk amatlyklar düzgüni esasynda söwdany kemsitmesiz amala aşyrmak, bazarlara girmekde giňeldilen mümkinçilikleri döretmek, bäsleşige goldaw bermek we adalatly bäşleşigiň esasynda halkara söwdasyny ösdürmek, gümrük töleglerden goraglylygy üpjün etmek, ykdysady özgertmelere ýardam bermek, gümrük paçlaryny bellemek arkaly milli haryt öndürijileri goramak, düzgünleşdirmegiň tarif däl serişdelerinden ýuwaş-ýuwaşdan ýüz öwürmek, gümrük tarifleriniň derejesini peseltmek, söwda meselesini sazlamak maksady bilen gatnaşyjy ýurtlara maslahatlar bermek we ösüp gelýän ýurtlar üçin ýeňilikli düzgün döretmek ýaly işleri görkezmek bolar.
Hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarymyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Hut Milli Liderimiziň başlangyjy bilen birnäçe döwletlerde eýýäm Türkmenistanyň söwda wekilhanalary açyldy. Ýurdumyzyň daşary ýurtlaryndaky wekilhanalarynda hereket etjek täze söwda-attaşe wezipesi hem girizildi. Bu zatlaryň ählisi Türkmenistanyň daşary strategiýasynda söwda-ykdysady ugra aýratyn orun degişlidigine güwä geçýär. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistan döwletimiz dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen söwda gatnaşyklaryny saklaýar.
Şu ýerde ýene bir zady ýatlap geçmeli ýagny 2011-nji ýylyň 14-15-nji ýanwary aralygynda Ýewropa Komissiýasynyň şol wagtky Başlygy Žoze Manuel Barrozunyň resmi sapar bilen ilkinji gezek Türkmenistanda bolmagy, şeýle hem saparyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň hormatly Prezidentimiz bilen duşuşyp, Türkmenistany Bütindünýä söwda guramasyna girmek üçin ýüz tutma bermäge çagyrandygyny aýratyn nygtap geçmek gerek. Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy şonda: «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi sebitleýin hem-de dünýä möçberli söwdada Türkmenistanyň paýyny artdyrýar» diýip belläpdi. Dünýäde ösen we kämilleşýän integrasion birleşik hasaplanýan Ýewropa Bileleşigi Bütindünýä söwda guramasynyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär, sebäbi munuň özi uzak möhletli ykdysady ösüşe oňyn täsirini ýetirýär. Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň şeýle abraýly halkara ykdysady guramasyna Türkmenistanyň girmekligi baradaky ýüz tutma bermäge çagyrmagy bolsa hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň häzirki durmuş-ykdysady ösüşine dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary baha berýändiginiň ýene bir subutnamasydyr. Çünki dünýä ýurtlary häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga, taraplaryň bähbitlerini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge uly ähmiýet berýär.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistan 2020-nji ýylyň iýul aýynda BSG-na synçy döwlet hökmünde girdi. 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda bolsa Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagy üçin arza berildi. Arza Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala tarapyndan kabul edildi.
Umuman, Türkmenistan döwletimizde Bütindünýä söwda guramasyna girmeklik üçin ähli şertler hem mümkinçilikler bardyr. Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly ykdysady syýasatynyň netijesinde dünýä hojalygynyň maddy esasyny düzýän halkara zähmet bölünişigine ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli taýýar önümler bilen girmegini has-da çuňlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýobaşçylarynyň öňünde goýan wezipelerini amala aşyrmakda tutuş halkymyz bolup agzybir, Watanymyzyň ýagty geljeginiň hatyrasyna zähmet çekmelidiris.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar, dünýä ýurtlary, halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler diňe biziň däl eýsem bütin dünýä halklarynyň parahat, bolelin durmuşyna we bagtly geljegine gönükdirilendir. Goý Gahryman Arkadagymyzyň halk, ýurt bähbitli, sebit we umumyadamzat ähmiýetli işlerinde jany sag, işleri rowaç, belent başy aman bolsun!
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Abuna tassyklaýyş kody: 69460
Türkmenistan bilen Azerbaýjan gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sişenbe güni habar berdi.
Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
24-nji iýunda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara dost-doganlyk gatnaşyklary — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady” atly maslahat geçirildi.
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy agyr ýük ulaglarynyň sürüjilerini işe kabul edýär
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine degişli Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy täze iş orunlarynyň açylandygyny yglan etdi. Kärhana «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük ulaglaryny dolandyrmaga ukyply we degişli tejribä eýe bolan sürüjileri işe çagyrýar.
Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.