DÖWRE MYNASYP HÜNÄRMENLER
18-12-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň bilim we ylym binýady barha pugtalandyrylýar. Okuw, terbiýeçilik we ylym maksatly desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, olaryň binýadyna dünýäniň iň döwrebap tehnologiýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ýaş nesle bilim bermegiň we hünär öwretmegiň hil derejesini ýokarlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýagty geljegine deňelýän ýaş nesliň kämil şahsyýet, mynasyp hünärmen bolup ýetişmegi üçin döredýän mümkinçilikleri ylma teşne, döredijilige höwesek ýaşlary kemala getirýär. Döwletiň dürli ulgamlarynda gazanylýan ösüşler ylma daýananda, olaryň köki has çuňluklara ornaýar. Şonuň üçin-de Gahryman Arkadagymyz ylmy açyşlarda ýaş alymlaryň paýynyň bolmagy üçin oňyn mümkinçilikleri döredip berýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýaş nesliň ylmy gözleglerini höweslendirmek hem-de goldamak, ylmy başlangyçlaryny ösdürmek, tejribesini ýokarlandyrmak, saýlap alan hünärleri boýunça bilim almagyny we halkara derejeli bäsleşiklere gatnaşmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýoluny alyp barmak ugrunda döredilýän şertleri muňa mysal hökmünde görkezip bolar.
Şol sanda ulag-kommunikasiýa pudagyň işini has netijeli guramak, ýükleriň möçberini we iberilýän ugurlaryny artdyrmak, ykdysadyýeti gowulandyrmak ugrunda öňde goýlan wajyp wezipeler ýokary derejeli we ussat hünärmenleri talap edýär. Biziň Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary insitutymyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşlerine goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamak işleri üstünlikli alnyp barylýar.
Bilim ojagymyzda ulag ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyklykda guramak boýunça talyplaryň ylym we bilim derejesi artdyrylýar. Olara okuw sapaklarynda ylmy tejribe we nazaryýet arkaly giňişleýin düşünje berilýär.Şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Bu bolsa talyplaryň ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen tanyşmagyna, şolar esasynda önümçiligi alyp barmagyna şert döredýär.
Biz mugallymlara okatmaga, çuňňur bilim bermäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ähli tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Atamyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika kafedrasynyň öwrenji mugallymy.
Abuna tassyklaýyş kody: 60214
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.