Terbiýe barada danalaryň aýdanlary
29-04-23
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitabynyň “Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar” atly bölüminde: “Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir” diýip jaýdar bellýär. Parasatly pederlerimiz nesil terbiýesine uly ähmiýet bermek bilen perzentlerininň kemally ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin asylly ýörelgeleri biziň günlerimize ýetirip gelipdirler. Bu ugurda Mähriban Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eseri bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna bolup durýar.
Halkyň abadançylygy çagalaryň gowy terbiýesine bagly.
J. Lokk
****
Islendik hakyky bilim diňe öz-özüňi terbiýelemek arkaly alynýar.
N. A. Rubakin
****
Sözler dälde, diňe janly mysal çagany terbiýeleýär.
A. S. Makarenko
****
Çagany gowy terbiýelemek isleýän her bir adam hemişe adalatly garaýyşlara boýun bolmalydyr.
O. Balzak
****
Çagalaryňyza berip biljek iň gowy sowgadyňyz ene-atasynyň arasyndaky bagtly we dowamly gatnaşyklardyr.
J. Gottman
****
Terbiýe bermekdäki ähli kynçylyklar ene-atalaryň öz kemçiliklerini düzetmezden özlerinni aklamak bilen çäklenmän, çagalarynda bu kemçilikleri görmek islemeýändiklerinden gelip çykýar.
L. N. Tolstoý
****
Çaga elmydama ululara üç sapak berip bilýär. Olar sebäpsiz şadyýanlyk döredýärler, elmydama birzatlar bilen meşgullanýarlar we isleýän zatlaryna nädip ýetip boljakdyny bilýärler.
M. Twen
****
Çagalaryňyza dymmagy öwrediň. Gürlemegi olar özbaşdak öwrenerler.
B. Franklin
****
Terbiýede ähmiýetsiz zat ýokdur.
N.Pirogow
Ogulnar ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.