MILLI ULAG ULGAMYMYZYŇ ÜSTÜNLIKLERI DÜNÝÄ ÝAÝYLÝAR

20-12-21

Hormatly  Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda alyp  barýan tutumly işleri  mähriban halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Türkmenistan Watanymyz  ilatyň  ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady mümkinçiliklerini ösdürmek bilen, geljek üçin ösüşiň tapgyrlaryny ynamly meýilleşdirýär.

Mähriban Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen Türkmenistanyň bäsleşige ukyply ykdysadyýetini kemala getirmek ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň, dünýäniň  ösen   döwletleriniň  ýokary durmuş derejesine çykarmagyň  strategik  ýoly bolup   durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyz ählumumy abadançylygyň bähbidine özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegi ugur edinmek bilen, sebitleýin we ählumumy oňyn ýagdaýlaryň iş jeňleşdirilmegine, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdiniň işlenip taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoş niýetli goňşuçylyk we netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi ýaly ýörelgeleri daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitläp, Türkmenistan milli we ählumumy halkara bileleşiginiň bähbitlerine laýyk gelýän  syýasaty ýöredýär.

Ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar, hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalar daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde, söwda, medeni we beýleki gatnaşyklary giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýar. Bu ulgam goňşy döwletler bilen iri sebitleýin we yklymlaýyn taslamalary durmuşa geçirýän Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Geografiki taýdan amatly ýerleşýän ýurdumyz sebit hem-de yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr we logistiki  merkez hökmünde öz ornuny barha berkidýär. Türkmenistanda ulag aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ugra esasy ýardam etjek awtoulag ýollarynyň, köprüleriň, ýol aýrytlaryň gurluşyklary güýçli depginler bilen amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňden görüjilikli ýörelgesi, «Açyk  gapylar» syýasaty esasynda mähriban Watanymyzyň XXI asyryň Beýik Ýüpek ýoluny döretmäge goşýan goşandy sebitiň ýurtlaryny  durnukly ösüşe we parahatçylyga alyp barýar. Ýurdumyz ulag-kommunikasiýalar ulgamynda iri taslamalary, şol sanda sebit hem-de halkara ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak bilen, ylmy-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlaryna we innowasion tehnologiýalara aýratyn üns berýär.

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegi halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen  giň gerimli özgertmeleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygy gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär.Bu awtobanyň gurulmagy ýolagçylaryň gatnawyny ep-esli gowulandyrar, hereketiň çaltlygyny artdyrar, çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berer, halk hojalygy üçin ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmaga ýardam eder. Olar ýükleriň ulag arkalygoňşy döwletlere çalt ýetirilmegine hem kömek eder.

Geljekde Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Aşgabat - Türkmenbaşy awtoban ynasepleşmegi ýük ulaglarynyň  Türkmenbaşydaky  Halkara  deňiz  portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly  Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň  günorta  sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaklaryna mümkinçilik döreder.

 Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen durnukly multimodal üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi awtoulag, demir ýol, deňiz, derýa hem-de howa ýollary ulgamlaryny utgaşdyrýan bir bitewi ulag ulgamyny emele getirmekde möhüm ädim  bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi  ýaly, logistik  merkezleriniň we  deňiz  portlarynyň, halkara howa menzilleriniň işiniň utgaşdyrylmagy sebitara hem-de halkara derejede ykdysady taýdan ösüşi gazanmaga ýardam edýär.

Biz ― ulag  pudagynyň ýaş hünärmenleri şeýle iri halkara transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini durmuşa geçirmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, maksatlary myrat tapsyn! Arkadag Prezidentimiziň tutuş adamzadyň bähbidine alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni

Abuna tassyklaýyş kody: 78390

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.